24.05.2023 Gollanma71 .

Asyrlaryň syry, gülleriň görki


Müňýyllyklaryň dowamynda görenleri özüniň syrly nagyşdyr-gölleri bilen haýran edip gelen nepis türkmen halylarynyň döremägine gelin-gyzlarymyzyň ýiti zehini, yhlas-myrady bilen ajaýyp ruhy gözelliginiň utgaşmasy sebäp bolupdyr diýsek ýalňyş bolmasa gerek. Sebäbi müň öwüşgünli türkmen halylary diňe bir tebigatymyzyň gözelligini,, halkymyzyň gadymylygyny, ýaşaýyş-durmuşyny we ynançlaryny aňlatman, eýsem ony sungat derejesine çykaran ene-mamalarymyzyň içki dünýäsini-ejabyny, päk duýgularyny, arzuw-umytlaryny, ýagşy niýetlerini özünde jemleýär.

Türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan halyçylyk sungaty öz köklerini örän gadymdan alyp gaýydýandygy alymlar, bilermenler tarapyndan tassyklanyldy. Emma bu täsin sungatyň takyk haçan ýüze çykanlygy welin anyklamak başardanok. XX asyryñ ortalarynda Altaýyň Pazyryk depesinden tapylan haly bu syrly ýumagyň çözülmäginiň başlangyjy boldy. Biziň eýýamyzdan ozalky II müňýyllyga degişli hasap edilýän bu gadymy haly ilki bada pars halysy hökmünde ylmy giňişlige äşgär edildi. Ýöne soňky geçirlerlen ylmy barlaglar Pazyryk halysynyň dokalyşynyň, reňk we göl-nagyş aýratynlyklarynyň häzirki türkmen halysyna örän meňzeşligini subut etdi. Dogrudanam, bu gadymy halyny içgin synlanyňda, halkymyzyň geçmiş-taryhyny açyk aýdyňlygy bilen görmek bolýar. Halynyň merkezinde alty-altydan dört hatar, jemi ýigrimi dört sany inedördül göller ýerleşdirilipdir. Hemmämiziň bilşimiz ýaly nesilbaşymyz Oguz hanyň alty ogly bolup, her oglundan dört agtygy kemala gelip, ýigrimi dört sany türkmen taýpalaryny emele getiripdir. Gadymy oguzlaryň-türkmenleriň biziň eýýamymyzyň III asyrlarynda Altaýda mekan tutanlygyny hasaba alsak, onda Pazyryk halysynyň gadymy türkmen halysydygyna hiç hili şübhe galmaýar. Gölleriň içinde okyň we ýaýyň, guş ganatly gurdyň şekili çekilen suratlar, şol gölleriň arasynda gelýän atlar hem atly adamlaryň suratlary bu aýdylanlarymyzyň üstüni ýetirýär. Ýakyn geçmişe çenli ok-ýaýy yrym edip öz öýünde asyp goýan türkmen halky, häzirki döwürde hem bedew atlara aýratyn hormat-sarpa goýýar. Gurt-böri bolsa geçmişde ata-babalarymyzyň oňony hökmünde kabul edilip, ol halk döredijiligimizde gowlugyň, bagtyň alamaty hökmünde suratlandyrylýar.

Taryhyň dürli döwürlerinde asyrlaryň pynhan syrlaryny özüne siňdirip, bu gün türkmen halkymyzyň milli gymmatlygy hökmünde ady arşa dolan nepis halylarymyz şöhratly geçmişimizi beýan edýän taryhnamadyr, gözelligiň simwolydyr.

Milli Liderimiz, Gahryman Arkadagymyz : " Haly - halkymyzyň
gözellik dessany. Ol dessanyň dili şahyrana dil, ýüregiňi heýjana salýan dil.
Haly - daşarky dünýä telwasly göwnüň mukamy. Adam syrly dünýä, ony açyp
bolmaýar, ýöne sungat ony açmagyň syrlaryny hemişe gözleýär. Adam - uly
dünýädäki kindiwanja dünýä. Indi şol kindiwanlyk bilen ägirt uly dünýäniň - bitewüligiň arasyndaky açary bolup milli sungatymyz döredilipdir. Türkmen halysy şol açardyr. Ol ynsan göwnüniň açarydyr. Ol ynsan dünýäsine baka ýoldur. Ondan asyrlyk dessanyň manysyny ýorup bolýar.

Halyda halkymyň ykbaly ýazylandyr!
Haly atalarymyzyň keramat saýan beýikligidir.
Haly türkmeniň ömrylla synmajak bitewülik aýdymydyr.

Eger-de milli filosofiýanyň simfoniýasy döredilmeli bolsa, türkmen üçin ol türkmeniň müň öwüşginli halysydyr." diýip, belläp geçýär.

Hormatly Arkadagymyz türkmen halylary, olaryň taryhy we halyçylyk sungaty barada özüniň "Janly rowaýat", "Arşyň nepisligi" atly kitaplarynda gymmatly maglumatlary berýär. Hut, Milli Liderimiziň başlangyjy bilen 2009-njy ýylyň 31-nji awgustynda “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň edara binasy bilen birlikde Türkmen halysynyň milli muzeýiniň täze binasynyň açylyşyna badalga berildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň bimöçber tagallalary netijesinde halyçylyk sungatyna giň ýol açyldy. Eli çeper ussat halyçylarymyza “Türkmenistanyň at gazanan halyçysy” diýen hormatly atlar dakylýar. Şeýle mümkinçilikler döredip beren Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, alyp barýan döwlet ähmiýetli işleri elmydama rowaç bolsun!

Abdlnebiýewa BAÝRAMGÜL,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň uly mugallymy.



Tmpedagog