21.05.2023 Gollanma75 .

Hormatly Prezidentimiziň bagtyýar çagalar barada dürdäne jümleleri


Biziň amala aşyrýan her bir işimiz, belent tutumlarymyz köňüllerimiziň guwanjy bolan şadyýan çagalarymyzyň bagtly geljegine gönükdirilendir.

Her bir ýurduň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar.

Raýatlaryň, aýratyn-da, çagalaryň durmuş goraglylygyny üpjün etmek jemgyýetimizi hem-de döwletimizi hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösdürmekde öňe sürýän esasy wezipelerimizdir.

Geljekde-de bagtyýar çagalarymyzyň döwrebap bilim almagy, döredijilik bilen meşgullanmagy üçin amala aşyrýan özgertmelerimizi üstünlikli dowam etdireris.

Çagalaryň bagtyýarlygy Watanymyzyň buýsanjydyr.

Biziň döwletimiz Birleşen Milletler Guramasynyň zenanlaryň, eneleriň we çagalaryň hukuklaryny goramaga gönükdirilen örän möhüm resminamalarynyň tutuş toplumyna goşuldy. Bu ugurda BMG-niň ýöriteleşdirilen çagalar edarasy bolan Çagalar gaznasy bilen işjeň gatnaşyklary alyp barýarys hem-de bilelikdäki maksatnamalary, strategiýalary we meýilnamalary üstünlikli amala aşyrýarys.

Ýaş nesil barada döwlet derejesinde edilýän alada öz miwesini hem berýär. Watanymyza, halkymyza, ata-babalarymyzyň ajaýyp ýörelgelerine, milli däp-dessurlarymyza wepaly, ruhubelent, bilim almaga, hünär öwrenmäge, zähmet çekmäge höwesli ýaşlar kemala gelýär. Soňky ýyllarda halkara ders bäsleşiklerinde, sport ýaryşlarynda baýrakly orunlara mynasyp bolýan talyplarymyzyň, mekdep okuwçylarymyzyň sany has-da artýar.

Dünýäniň dürli künjeklerinde Watanymyza, halkymyza mynasyp wekilçilik edip, üstünlikli çykyş edýän zehinli ýaşlarymyz biziň milli guwanjymyzdyr. Siz belent watansöýüjilik duýgyňyz, tutanýerliligiňiz we erjelligiňiz bilen ylym-bilim dünýäsine çuňdan aralaşmalysyňyz.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe okamak, öwrenmek, döredijilikli, yhlasly zähmet çekmek bilen, eziz Watanymyzyň şan-şöhratyny, mertebesini öňküden-de belende götermelisiňiz.


"Güneş" žurnaly, №5-2023

Tmpedagog