21.05.2023 Gollanma78 .

Nahar başyndaky edep


Myhmanlardan öň saçagyň başyndan turmaly däl.
Suwy zarp bilen däl-de, bölüp-bölüp içmeli.
Myhman bolsaňyz, saçagyň başyna öý eýeleri bilen bile geçmeli.
Çöregi iki eliň bilen bölmeli.
Çagyrylmazdan saçagyň başyna geçmeli däl.
Ilki bilen öý eýesi tagamdan dadyp başlamaly.
Tagamy kiçijik böleklerden agzyňa salmaly.
Saçagyň başyna tagam getirilmezden öň geçilmeli.
Nahara ilki uly başlamaly.
Asgyranyňyzda hem-de üsgüreniňizde aňryňyza bakmaly.
Ajykmazdan saçagyň başyna geçmeli däl.
Lukmany mazaly çeýnemän ýuwutmaly däl.
Agzyňdaky lukmany ýuwutman, ýene bir lukmany agzyňa atmaly däl.
Ýakymsyz, ýaramaz zatlar barada gürrüň etmeli däl.
Nahar-tagama başlamazdan öňürti eliňi ýuwmaly.
Sag eliň bilen iýlip-içilmeli.
Ilki duzdan başlanmaly.
Nahar iýip bolanyňdan soň töwir galdyrmaly.



"Balkan" welaýat gazeti, 18.05.2023

Tmpedagog