17.05.2023 Gollanma119 .

Bagtyýarlygyň buşlukçysy


Parahatçylygyň, agzybirligiň, abadanlygyň kepili bolup belentde parlaýan ýaşyl Tugumyza nazaryň düşende, bu Watanyň perzendidigiňe guwanýarsyň. Çünki ol — ýaşaýşymyzyň ýaraşygy, döwrümiziň ýalkymy. Ýaşyl ýaýlalaryň reňkini özünde jemläp, Watanymyzyň görküne görk goşýan, ýakymly ýaşlygyň, belent joşgunyň wysaly bolan Tugumyz göwünlere gözellik bagyşlaýar. Onuň asuda asmanda belentden parlamagy köňüllere ganat, döwrümize zynat berýär.

Watanyň goýnundaky gözellikleriň ählisi ýaşyl Tugumyzda jemlenen. Hut şonuň üçinem, gözellikden gözbaş alan Tugumyzdaky Aýa hem-de ýyldyzlara nuranalygyň nusgasy hökmünde garap, täze dogan Aýy ýüze sylyşymyz ýaly, ýaşyl Tugumyzy alnymyza togap edýäris.

Magtymguly Pyragynyň bir döwlete gulluk etmek baradaky arzuwynyň wysalyny biz bu günki gün Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe amala aşyrylýan her bir işde, ýetilýän belent sepgitlerde görýäris. Göýä şol ýetilen sepgitleriň dünýä ýüzüne ýaň salmasynyň buşlukçysy bolup, al-asmanda parlaýan ýaşyl Tugumyzda zeýtun baldajyklarynyň şekiliniň ýerleşmegi ata-baba dowam edip gelen parahatçylyk söýüjilik ýörelgesine hemişe-de ygrarly boljakdygymyzyň özboluşly güwänamasydyr.

Ýaşyl Tugumyz bilen baglanyşykly buýsanç, guwanç duýgularyna ajaýyp zamanamyzyň her bir pursadynda şaýat bolýarys. Säher bilen öýden çykanymyzda, gözel paýtagtymyzyň ak mermere beslenip oturan binalarynyň başynda pasyrdaýan ýaşyl Tugumyza gözüň düşende, şu Watanyň gülläp ösmegi ugrunda amala aşyrylýan işlere dahyllydygyňa göwnüň galkynýar. Talyp bolsaň, alýan bilimiňi has-da kämilleşdirip, geljekde ökde hünärmen bolmaga ymtylyşyň artýar. Haýsy-da bolsa bir ýerde zähmet çekýän watandaşlarymyzy bolsa al-asmanda pasyrdaýan Baýdagymyzyň gudratly güýji uly-uly tutumlara sary öňe alyp gidýär. Ine, şunuň özi-de gudratyň kalplara edýän, düşündirip bolmaýan, asla düşündirişi talap hem etmeýän täsiridir. Şol gudratly täsir bilenem biz ädimme-ädim öňe barýarys. Şol täsir biziň gözel Diýarymyzy belentden-belent sepgitlere sary alyp barýar. Çünki Watana bolan buýsanjyň, bagtyýar göwünleriň ruhubelentliginiň keşbi Tugumyzda jemlenen. Erkinligiň hem jebisligiň nyşany bolan Tugumyz berkarar Watanymyzyň äleme ýaň salýan abraýy, halkyň beýik ykbalynyň dünýä içre jarnamasydyr.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň aýratynlygy — Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda halkymyz dünýä ýaň salýan tutumlary bilen Watan Tugunyň şanyny äleme ýaýýar. Bu günki gün dünýäniň ýüzlerçe döwletleriniň baýdaklarynyň arasynda buýsançly pasyrdaýan ýaşyl Tugumyza nazary düşende, ony tanamaýan ýok bolsa gerek. Sebäbi biziň ýaşyl Tugumyz Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen ýeke-täk döwletiň — Bitarap Türkmenistanyň bagtyýarlyk Baýdagy. Ol sebitde parahatçylygyň kepili bolan ýurduň — Garaşsyz Türkmenistanyň Baýdagy. Ol zemin içre myhmansöýerligi, dostanalygy bilen tanalýan türkmen halkynyň göz-guwanjy.

Tug — Watan mukaddesligi. Mukaddes zatlaryň ählisiniň Watana deňelişi ýaly, ähli ýeten belent sepgitlerimizi-de ýaşyl Tugumyza bolan buýsanjymyz bilen baglanyşdyrýarys. Ýurdumyzyň şan-şöhratynyň dünýä ýaň salşy deýin, Tugumyz hem belentde parlaýar. Sebäbi onuň özeninde Watan gymmaty, Berkarar döwletimiziň beýik ösüşleriniň şuglasy jemlenen. Mukaddes Tugumyz ýaş nesilleriň Watançylyk ruhunyň joşguny. Onuň türkmeniň gözel tebigatyndan nusga alan ajaýyp keşbi bagtyýarlyga beslenen göwünleriň ylham çeşmesi. Görkana Watanymyzyň goýny hemişe toý-baýramlara beslenýär. «Haýsy ilde toý-baýramlar köp bolsa, şol il bagtlydyr» diýilýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyz halkymyzy şeýle çäksiz bagta eýe etdi. Belent sepgitleri nazarlaýan ýurdumyzda tutulýan oýlaryň bezegi bolan ýaşyl Tugumyzyň belentde parlaýşy joşgunly göwünleriň aýdymy, ak arzuwlaryň wysaly. Halkyň belent ruhunyň, egsilmez joşgunynyň nyşany bolan ýaşyl Tugumyz hemişe gözel günleriň buşlukçysy bolup, belentde parlasyn!

Aýjemal GAÝLYÝEWA,
Balkanabat şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp
öwredýän ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiň mugallymy.

«Edebiýat we sungat» № 20 (4187)

Tmpedagog