12.01.2023 Gollanma110 .

Ýangyndan ägä boluň!


Ýylylygyň esasy çeşmesi gaz bolup durýar. Ýöne ony ulanan mahalyňyz örän seresap bolmaly, gazdan peýdalanmagyň howpsuzlyk düzgünleriniň berjaý edilmezligi partlamalara, ýangynlara we ýanan gazdan emele gelen zäherli galyndylar bilen zäherlenmek ýaly hadysalara eltýär.

Gaz bilen baglanyşykly betbagtçylykly ýagdaýlaryň ýüze çykmazlygy üçin aşakdaky düzgünleri berjaý ediň:
— gaz enjamlaryny ulanmazdan ozal olaryň guratlygyny barlap görüň;
— gaz enjamynyň burmasyny (kranyny) açmazdan ozal ýakylgy otluçöpi ýa-da çakmagy oduň ýanýan ýerine (gorelkasyna) golaý eltiň;
— gaz enjamynyň howurpejinde ot ýakmazdan öňürti ony 2-3 minutlap ýelejirediň;
— gaz enjamlaryny ulanýan mahalyňyz penjireleri açyp goýuň;
— tüsseçykaryjysy bolan gaz enjamlaryny her gezek açan (işleden) mahalyňyz onuň tüsse çekişini barlaň. Munuň üçin ýakylan otluçöpi ýa-da çakmagy oduň ýanýan ýeriniň deşijegine golaý tutup görüň. Eger ýalyn telpejigiň (kolpagyň) aşagyna ýa-da oduň ýanýan ýerine tarap sorulsa, onda turbanyň dartyşy bar, eger ýalyn bir gapdala sowulýan bolsa, onda turbanyň tüsse çekişiniň ýok boldugy. Gaz bilen zäherlenmezlik üçin şonuň ýaly dartyşy bolmadyk gaz enjamlaryndan peýdalanmak gadagandyr.

Gaz enjamlaryny ulanýanlara şu aşakdakylar gadagan edilýär:
— işläp duran, ýagny ýanyp duran gaz enjamlaryny gözegçiliksiz galdyrmak;
— kiçi ýaşly çagalara gaz enjamlaryndan peýdalanmaga ýol bermek;
— jaýlary gazlaşdyrmak işlerini rugsatsyz özbaşdak geçirmek we gaz enjamlaryny gaýtadan oturtmak hem-de çalşyrmak;
— ýanýan oduň kömegi bilen gazyň syzýan ýerini gözlemek;
— jaýyň içini gyzdyrmak maksady bilen gaz plitalaryndan peýdalanmak.

Gazyň ysy peýda bolan mahalynda şu aşakdaky çäreleri geçirmeli:
— Haýal etmän, gaz enjamlaryndan peýdalanmagy bes etmeli we gaz enjamlaryna gelýän hem-de gaz enjamlaryndaky burmalary (kranlary) ýapmaly;
— içerä şemal çaldyrmak üçin penjireleri we gapylary açmaly;
— elektrik enjamlaryny işletmeli däl, eger olar ozaldan işläp duran bolsa, olary öçürmeli hem däl;
— ot ýakmaly däl we çilim çekmeli däl;
— 04 belgili telefon boýunça gaz hojalyk edarasyna habar bermeli.

«Türkmengazüpjünçilik» birleşigi.
"Türkmen dünýäsi" gazeti, 11.01.2023.

www.turkmenmetbugat.gov.tm

Tmpedagog