Ýaş mugallymlara maslahat
Çekseň zähmet, ýagar rehnet
Mugallym bilime barýan ýoluň ýeňil-ýelpaý däldigini, hupbatlydygyny, oňa eltýän ýoldaky päsgelçiliklerden, kynçylyklardan geçmegi gaýratdyr erkli, tutanýerli kişiniň — diňe şonuň başarjakdygyny sargyt etmelidir. Şunda “Azapsyz ýeriň ady ýok”, “Bermezek Alladan, irmezek awçy”, “Çekseň zähmet, ýagar rehnet” ýaly nakyldyr atalar sözleriniň many-mazmunyny okuwçylara düşündirmegiň kän peýdasynyň boljakdygy şeksizdir.
Bu babatda ajaýyp şahyr Gurbannazar Ezizowyň: “Kynçylyk ýok, ejizlik bar dünýäde” diýen sözleriniň manysyny olara ýetiriň. Biz bu ýazgymyzda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu sözlerini getirmegi makul bildik:
— Ylymly, bilimli nesli kemala getirmek halkyň geljekki bagtyýar, mynasyp durmuşynyň kepilidir.
Ýagşy söz diýeniň güldür...
Mugallym “terbiýesiz” diýilýän çagalaryň ýamanyny ýapyp, ýagşysyny ýaýmalydyr. Şolary dogry ýola salmak üçin yhlasyny gaýgyrmaly däldir. Ol okuwçylaryň oňyn hereketini gözlemäge, tapmaga çalyşmalydyr. Ony tapan halatynda bolsa irki nyzamlykda hemmelere aýan etmelidir. Çünki, gowy tarapyndan barlan çaga çalt düzelmek bilen bolýar. Ýogsa-da, “Ýagşy söz diýeniň güldür, ýaman söz tiken ýalydyr” diýilmänmi ahyry?!
Döredijilikli zähmet
Döredijilikli zähmet mugallym bilen okuwçylaryň, mekdep ýolbaşçylary bilen mugallymlaryň bir-biriniň sarpasyny saklap, ynanyşyp, düşünişip işleýän ýerinde mümkindir. Hakyky mekdep ýolbaşçysy parasatly, adalatly, giň düşünjeli, täzeligi goldaýan, göwnaçyk, okuwçyny, mekdebi, mugallymy janyndan eý görýän ynsandyr. Käbir mekdep ýolbaşçylary okuwçylar bilen hem, mugallymlar bilen hem juda resmi gatnaşykda bolýarlar. Aşa resmiligiň birek-birekden daşlaşdyrýandygyna, sowaşdyrýandygyna olaryň düşünmegi gerek.
Hünär synagy
Hünär synagy mugallymyň durmuşynda iň jogapkärli pursatdyr. Onuň işiniň netijesiniň aýnasydyr. Belli bir derejede ykbalyna täsir edýän çäredir. Bu meselede howul-haralykda netije çykarylmaly däldir. Munda könelerimiziň “Ýedi ölçe-de, bir kes” diýen pähimine eýerilmelidir. Ýogsa, onuň geçirileninden geçirilmäni ýegdir.
Maşgalabaşy
Synp — maşgala. Mugallym bolsa maşgalabaşydyr. Her bir maşgala agzasynyň biri-biriniň ynamyny, duýgudaşlygyny, kömek-goldawyny duýup durmagy üçin, maşgalabaşynyň tagallasy zerur.
Wagtyň gymmaty
Bihuda geçen wagty yza dolap bolmaýandygyny, günüň her bir minutyny peýdaly işlere sarp etmelidigini okuwçylara düşündiriň. Bu jähetden bir minutlyk dymyşlyk yglan ediň. Şonda munuň örän köp wagtdygy, onuň dowamynda kän işlere amal edip boljakdygy aýan bolar. Eziz kärdeş! Häzirki zaman türkmen edebiýatynyň kerwenbaşysy, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Berdi Kerbabaýewiň ýaşlara ýüzlenip: “Siziň her minuty öz ýerinde sarp etmegiňiz zerur! Bihuda öten minuty dünýä malyny berip gaýtaryp bolmaz!” diýen sargydyny okuwçylara ýetirseňiz, bu babatda peýdaly iş edildigi bolardy.
Dananyň keşbini dörediji
“Mugallym artist bolmaly” diýilýär, ýöne ol çem gelen keşplerde oýnaman, eýsem, oýlandyrýan, öwredýän dananyň — halypanyň keşbini döretmäge çalyşmalydyr. Hormatly Arkadagymyz “Älem içre at gezer” romanynda bu barada şeýle ýazýar: “Mugallym aýdýan zadyna ilki özi ynanmaly hem-de ynandyrmagy başarmaly. Belli bir mesele barada ders geçende, ol keşbe girmeli, her sözi okuwçynyň maňzyna batmaly, her bir hereketi onuň ýadynda galmaly”.
Jan diýlen bossany ylym suwy bilen besläň!
Mugallym okuwçylaryna durmuş gapysyny açyp berýän, şol gapydan olaryň barha we barha ynamly gadam urmaklaryna ýardam edýän mährem halypadyr. Mekdebiň esasy wezipesi okuwçylary durmuşa taýýarlamakdan ybaratdyr. Her mugallym öz okadýan ugry boýunça zerur bolan bilim toplumyny olara elýeterli etmelidir. Okuwçylaryň kalbynda ene-ata, il-güne, Watana bolan tükeniksiz söýgini beslemelidir. Mekdebiň uçurymlary durmuşda özüňi alyp barmagyň medeniýetini ele almalydyrlar, öz Watanynyň we dünýäniň taryhyny, edebiýatyny oňat bilmelidirler, süýji sözlemegi, sowatly ýazmagy başarmalydyrlar. Kompýuter ulgamyndan peýdalanmagy, elektrik enjamlaryny dogry ulanmagy, olarda ýeňil bejergi geçirmegi, bag-bakjalary ýetişdirmegi, olara ideg etmegi, saglygyny goramagy, gysgaça aýtsak ýaşaýyş- durmuş üçin zerur bolan ähli zatlary bilmelidirler we olardan oňat baş çykarmalydyrlar. Jemläp aýtsak, Gündogar pähimleriniň birindäki “Jan diýlen bossany ylym suwy bilen besläň!” diýlenine eýermelidirler.
Synaga barýan kibi
Sapak bermegiň uly jogapkärçilikdigine düşünýän, oňa her ýola göýä synaga barýan kibi ykjam taýýarlanyp barýan mugallym okuwçylaryň we ene-atalaryň arasynda at-abraýa, hormat-sylaga mynasyp bolar.
Guwançly netije
Mugallym ýaşlaryň kalbynyň tämiz hem söýgüden püre-pür bolmagy üçin, tagallasyny gaýgyrmaly däldir. Onuň yhlasly işiniň guwançly netijesi hem şundan ybaratdyr. Bir akyldaryň aýdyşy ýaly, wyždansyz bilimlilik kalbyň heläk bolmagydyr.
Ata AKBÄBÄÝEW,
Türkmenistanyň at gazanan bilim işgäri.