26.10.2023 Döredijilik135 .

Sakçy (hekaýa)


Güjüjek howluda özbaşyna oýnap ýördi. Ol bir-de kebelegiň yzyndan ylgan bolýardy, bir-de bagdan tänip gaçan ýapraga topulýardy. Onuň bolşuny häliden bäri synlap duran goňşy howlynyň pişigi güjüjegiň ýanyna gelip, gep goşdy.

— Ýer-ow, güjüjek, näme pişejik edýäň sen?

— Aý, ynha, oýnap ýörün özbaşyma.

— Hä, oýnap ýörün diýsene. Bikär gezip ýörseň, eýäň-ä halamaz seni.

Goňşy pişigiň bu sözlerine güjüjek alada galdy.

— Be, eýämiň gaharyny getirmezlik üçin men näme etmelikäm?

— Sen itleriň neslinden ahyry. Itler ýaşaýan öýünde sakçylyk etmeli. Kebelek kowalap, bökjekläp oýnap ýörmeli däl.

— Men kiçijik bolamsoň, köp zatlara heniz düşünemok-da... —diýip, güjüjek müýnli gürledi.

— Bilmeseň, bilýänlerden sora. Ynha, menden sora — diýip, goňşy pişik döşüne kakdy.

— Beýle bolsa, maňa aýt-da, hany men nähili sakçy bolmaly?

— Hana, mellegiň ortarasynda garantga dur. Görýäňmi?

— Hawa, görýän.

— Ana, şoň ýanynda dur-da, ekine gelýän guşlary kowmaga garantga kömek et.

— Bolýa—diýip, güjüjek mellegiň içine girip gitdi-de, garantganyň ýanynda baryp oturdy.

— Tä eýäň ýal bermek üçin çagyrýança, sakçylygyňy taşlap, hiç ýere gidäýmegin—diýip, goňşy pişik güjüjege tabşyrdy.

Güjüjek başyny atdy.

Eýesine wepaly sakçy bolmak üçin güjüjek garantganyň ýanynda eslije wagt ýatdy. Şeýdip ýatyşyna ol biraz irkilenini hem duýman galdy. Ol diňe öý bikesiniň gohuna oýandy.

— Wah, ogry pişik, ýene meň agtyjagym üçin pitijige guýup goýan süýdümi içip gidipdir-ä — diýip, öý bikesi käýindi. — Pişigi güjüjegimiz görmedimikä?!

— Entek kiçijik-dä ol, ynha, nesip bolsa, ulalar, onsoň öýümize hakyky sakçy bolar — diýip, öý eýesi keýwanysyna düşündirjek boldy.

Garantganyň ýanynda ýatan güjüjek öý bikesidir öý eýesiniň bu sözlerini eşidensoň, goňşy pişigiň özüni mazaly aldandygyna düşündi.

— Indi bir gözüme görün bakaly, mazalyja temmiňi bererin seň—diýip, güjüjek goňşy öýüň üçeginde penjesini ýalap oturan pişige tarap üýrdi.

— Kör hasasyny bir gezek aldyrýandyr, güjüjek. Her säwligiňi sapak edingin—diýip, häliden bäri güjüjegiň düşen ýagdaýyny synlap oturan düýe parasatly maslahatyny berdi.

— Men indi ol pişige özümi asla aldatdyrmaryn—diýip, güjüjek ýene pişige tarap jöw-jöwledi.

Oguljemal JUMAŞOWA,
Aşgabat şäherindäki 10-njy orta mekdebiň müdiri.

"Ahal durmuşy" welaýat gazeti, 25.10.2023

Tmpedagog