24.10.2023 Döredijilik183 .

Ýagyş ýagýar... (Oýlanma)


«Ýagşy gowy görýärin» diýipdiň şonda. Menem seniň bilen bir hörpden gopmagyň deregine, Zemini ýagşy päli bilen bezeýän akja gary gowy görýändigimi aýdypdym. Şol pursat Gurbannazar Ezizowyň bir şygryny diňledipdiň. Şol şygyr arşdan nur bolup ýagyş ýaganda şindi-şindem gulagymda ýaňlanan ýaly bolýar:

...Men «bar» diýsem,
        «ýok» diýjegne şübhe ýok,
Men ýagyşy söýýän,
Oň söýýäni gar.

Hawa, ykbalyň bagty gysganan ilkinji hem iň soňky söýgüsi biz däldiris. Biziň söýgi kyssamyz täzeligem däldir bu dünýä. Ýöne bu wysal tapmadyk söýgimiziň asla ýatlanylmaga mynasyp däldigini aňlatmaýar. Şowsuz çykan bijeleriň, armana öwrülen ömürleriň, edil şonuň ýaly, wysala gowuşmadyk söýgi kyssalarynyň hem, elbetde, bir haýyrly ýeri we gymmaty bardyr.

Ine, bu gün ýene ýagyş ýagýar. Güýz ýagşy. Ömrümiň, gör, näçenji ýagşyny garşy alýan sen hakdaky ýatlamalarym bilen. Assaja, näzik owazy bilen ýaňlanýan ýagyş hakdaky aýdym bolsa senli güne dolanmagyma sebäp bolýar.

Alyslarda galan, mähriban, her gezek ýagyş ýaganda, onda-da tomsuň jöwzasyndan teşne bolan topraga melhem bolup ýagýan ilkinji ýagyşda biygtyýar sen ýadyma düşýärsiň! Endige öwrülen hereketime görä, bu pursadyň lezzetini hasam gowy duýmak niýeti bilen ýagyşly aýdyma hiňlenýärin şol pursat: «Ýagyş ýagýar, ýagýar seni ýatladyp...». Göýä, bu aýdym meniň üçin ýazylan ýaly, onda ähli duýgularymy, hyýallarymy tapýaryn.

Hyýallarymda geçmişe dolanýaryn. Keseden syn edýärin ýaşlygymyza. Kuýaş öz nuruny Zemine boldan eçilýärkä, ýagşa ýuwlan topragyň agras dem alýan pursadynda edilen süýji söhbetlere gulak asýaryn hemem aň eleginden geçirýärin. Geçirdigimçe-de, ýagyş hem gar baradaky pikirlerimiziň çapraz gelmeginiň sebäbini gözleýärin, her gezegem gözleglerimiň soňunda özümi kötekleýärin: «Belki, şol wagt men näzimi öte artdyrandyryn?!» diýip. Umytdan, söýgüden pürepür süýji gürrüňlerimiz bolsa indi kalbyma hem-ä aram berýär, hemem biraz gussa.

Bilýäňmi, mähriban, sen gideliň köp zatlar özgerdi?! Möwsümler geçdi yzly-yzyna, ylla, asmanda toýnuk gurap barýan durnalaryň hatary kimin. Gidişiň bilen agdar-düňder bolan dünýämem indi öňküsi deý boýnuny burup, ejizläp ýörenok. Özüme teselli bermegiň ýoluny tapdym, her niçigem bolsa. Indi meniň nijeme wagt bäri ýagşy söýýänimi bilýänem dälsiň. Ýere gaçýan her damjada wysala gowşup bilmedik söýgimiz üçin gözýaş dökýän tebigatyň bize bolan mährini duýýaryn. Şonda özümem gözümiň owasyny ýaşa dolduryp, kalbymyň gussasyny egisýärin. Ýollarymyzy aýra salan ykbaldan duşurmadygy üçin nägile bolman, birwagtlar bize şol bagtly günleri, az salymlygam bolsa, peşgeş bereni üçin hoşal bolýaryn.

Hawa, men indi ýagşy söýýärin, mähriban! Seniňem her gezek gar ýaganda aklygy ýüzüňe sylyp, oňa üýtgeşik nazar bilen garaýanyňa ynamym bar. Ýer ýüzüni akja gar päklige bürände, bir ýerlerde men hakdaky ýatlamalaryň goýnuna dolýansyň, elbetde.

Bägül BERDIÝEWA,
Ak bugdaý etrabyndaky 28-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Nesil" gazeti, 24.10.2023

Tmpedagog