21.10.2023 Döredijilik105 .

Garagumda ýaňlanan owaz


Obamyzyň sylagly ýaşulularynyň biri Meret aga: «Täsin gözelliklere baý, hoştap howaly, sährasy seleň, hassany sagaldýan türkmen tebigatynyň ynsana eçilen eşretleri barmak basyp sanardan köpdür, ol giden bir ummandyr» diýip gaýtalamagy gowy görýär. Söýgi hakdaky rowaýaty şol gaýtalap gürrüň bermek hem onuň ýene bir gowy görýän zady. Ine, ol bu günem alyslara nazar salyp, haly düşelen sekiniň üstünde çuň oýa çümüp, joýa baglan çygjaran maňlaýyny ýaglyk bilen süpürip, bilguşagyny düzedişdirip, ýene şol gürrüňine başlady...

Eždatlarymyzyň mesgen tutan, ýagşyzadalardan medet tapan sahawatly türkmen ýaýlasynda dilden-dile geçip, rowaýata öwrülen gürrüňini berjek wakam iki asyra golaý mundan öň gum etegini ýakalap oturan küren obada bolupdyr. Garagum diýlende, ol ulgam-ulgam gerişli, aklaňly, kümüşsöw ürgün çägeli çöl däl, gözel sähra bolup, göýä diýersiň täsin bir gudrat bilen ýaradylan behişde meňzeýär. Tebigatyň jana şypa mylaýym şemalyna çalaja ygşyldaýan gyrymsy agaçlaryň ene hüwdüsini ýada salýan sazlaşykly owazy ynsan kalbyny joşa getirse, mawy asmanda peýda bolýan goýry bulutlaryň ýagyş damjalary tomsuň jokrama yssysyna, gyşyň şatlama aýazyna döz gelýän ene topragyň goýnundan böwsüp çykjak gök maýsalary janlandyrmaga ymtylýar.

Ynsany özüne bendi edýän Garagumda mesgen tutan küren obanyň orta gürpündäki çaklaňja gara öýden saba säher, giç agşam ynsan kalbyny lerzana salyp, gargy tüýdügiň zaryn owazy ýaňlanýar. Ol jahyllykda yşk heserine uçran gojanyň — Maksat tüýdükçiniň keç ykbalyndan habar berýär. Ojakda ojar odunyň çoguna lasyrdap gaýnan, guşdyrnak gök çaý atylan taňkany gyra çekip, teşne kalbyna rahatlyk çaýýan melhem çaýly käseden usul bilen owurtlap nepesini durlan Maksat tüýdükçi çeper elli käbesinden miras galan, bahar paslynyň gülälekli meýdanyny ýada salýan ojakbaşyny emaý bilen sypalap oturyşyna, öýüň bosagasynda garysyny ýassanyp ýatan Alabaýyna garap, öz-özi bilen gürleşýän ýaly: «Wah, özüm günäkär, sada, çekinjeň boldum. Näzli bakyşda özüne maýyl eden Merjeniň husnuna aşyk bolup, kalbymy eýelän näzik duýgymy aýan etmäge-de gurbatym çatmady» diýip, içki pikirini daşyna çykarýar.

Ýaşlyk ýyllary ykbal Maksady obadaş gyzy Merjeniň yşkynda perwana edýär. Onuň dyzyna ýetip duran, bilek ýaly dört örülip goýberilen şamar gara saçy, gyýma gara gaşy, badam gabagy, hünji dişleri, gupbasy tomagaly gültahýasy ýigidi ýüpsüz baglaýar. Merjeniň otly göreçlerine nazary kaklyşanda, erkini elden gideriberýär. «Ömür uzak, ýol uzak» diýenleri-dä. Heňňam aýlanyp, pasyllar ýyllara sapyp, gyz uzakdaky garyndaşlaryna durmuşa çykyp, dogduk obasyndan daşlaşýar. Bu bolsa onuň didaryna intizar ýigidiň ýüregine gapyllykda hanjar urlan dek, ony otdan alyp, suwa salyp, göwnüçökgünlik dünýäsine gark edýär.

Aradan esli wagt geçýär. Goňşy obada tutulýan toýa baran tüýdükçiniň kalbyny oslagsyzlykda golaýyndan eşidilen «Salam, Maksat» diýen jadyly ses ýyldyrym uran dek çawlaýar. Durky bilen tisginip, ady tutulan tarapa seretse, Aý dogan dek ýalkym saçýan, ak ýüzüne gülgün reňk çaýylan, at ýüzli, çynar boýly, egni nepis ketenili, başy elwan ýaglykly Merjeniň nurana jemalyna gözi düşýär. Maksadyň ýüregi jigläp, on iki süňňüne galpyldy aralaşyp, örklenen dek doňup galýar. «Älhepus, bu ne gudrat, kalplary heýjana salan şo-ol mähirden doly jadyly gözler» diýip, içinden gaýtalanyny duýman galýar.

Akyly haýran bolan tüýdükçi birhaýukdan özüni dürseýär, sähranyň sergin şemalyna mymyk gulpajygyny ýellendirip, enaýyja oýun edýän gyzjagazyň golundan mäkäm tutup, eda bilen seýkin basyp, uz ýöräp, öz ýoluna rowan bolup daşlaşyp barýan Merjeniň zyba kamatyny gören Maksadyň huşy başyndan uçýar, köňlünde gaýgy-tupan turup, asman-zemin gapyşan dek bolup, şol ýerde esli wagt doňan ýaly bolup duranyny bilmän galýar. ªol günki duýdansyz duşuşykdan soň hyýalynda beslän umyt-arzuwlary hasyl bolmadyk, hoş owazly mukamlary bilen il-ulsuň alkyşyny alýan tüýdükçiniň köňlüni gam gaplaýar. Aýly gijäniň şuglasyna möwç alan umman deýin joşa gelip, kalbyna mähir çaýan päk söýgüsinden jyda düşüp, sähraýy çöle çykan tüýdükçiniň gaýgy-mähnet çekip, gargy tüýdükde köňlüne teselli beren «Aýralyk» mukamy şondan soň ertir-agşam giň sährada ýaňlanyp başlaýar. Garagum sährasynyň ajaýyp tebigatyny synlap, sesine diň salanyňda, kalbyňa ylham, joşgun, şatlyk paýlaýan sähra mukamlarynyň arasynda söýgüsi paşmadyk tüýdükçiniň ýüreginiň gamgyn owazy bolup, tüýdügiň owazy hem ýaňlanyp duran ýaly.

Nurýagdy Hajynurow,
Türkmenbaşy etrabyndaky
5-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Balkan" welaýat gazeti, 19.10.2023

Tmpedagog