13.10.2023 Döredijilik111 .

Şygryýet


Bagtyň şäheri

Şaýat boldy iliň-günüň bagtyna,
Arkadag şäheri — bagtyň şäheri.
Öwrüldi köňülleň täji-tagtyna,
Arkadag şäheri — bagtyň şäheri.

Bu gün waspy dürli dilde söýlenen,
Gözellikde özgelerden saýlanan,
Şan-şöhraty giň jahana aýlanan,
Arkadag şäheri — bagtyň şäheri.

Göwnümiz dek arassadyr ýollary,
Dostlaşdyrýar alys-ýakyn illeri,
Burk urýandyr ter açylan gülleri,
Arkadag şäheri — bagtyň şäheri.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar,
Okaýar, döredýär ajaýyp işler,
Begendi, gutlady ýakynlar-daşlar,
Arkadag şäheri — bagtyň şäheri.

Joş urýandyr bu gün halkyň şatlygy,
Buşlaýar äleme ýurt abatlygy,
Nusgadyr durkunyň döwrebaplygy,
Arkadag şäheri — bagtyň şäheri.


Buýsançnama

Seýran etseň gözel Türkmenistana,
Waspy sygmaz tükeniksiz dessana,
Jemaly beslendi bagy-bossana,
Gözelligi Erem bagydyr, bagy.

Müşk ysy bar gunçasynyň, gülüniň,
Müň hünär bar gyzlarynyň, geliniň,
Bagty alçy gopan türkmen ilimiň,
Guwanyp gezmeli çagydyr, çagy.

Şäher-oba bezeg berýär ymarat,
Her binasy täsin keşpden ybarat,
Ýüze sylýas, keramata ybadat,
Haýran eder baksaň sollary-sagy.

Agzybirlik — Watanymyň bezegi,
Baky bolsun bagt paýynyň gezegi,
Ýakyn eder mähri bilen uzagy,
Şugla saçýar dost-doganlyk çyragy.

Diýaryma Hak nazaryn salandyr,
Mertebesi älem içre dolandyr,
Kalby joşup, tirsegine galandyr,
Şeýle döwri arzuw eden Pyragy.


Rysgal

Ömür örkün ene ýere baglanyň,
Bereketden üzülmezmiş rişdesi.
Sarpa goýup, yhlasyna bagbanyň,
Golaýynda gezermiş perişdesi.

Bag-bakjasy Zemin üzre gözellik,
Bilmeýär ol ýadamany-armany.
Alyn deri bol hasyla gönezlik,
Takat tapmaz hasylyny görmäni.

Miwe getirende eken daragty,
Synlap onuň saýasynda oturar.
Gör, nirede eken bagbanyň bagty?!
Dört pasyly melleginde ötürer.

Gyrkyp, timar berip bakja-baglara,
Jigerbendi ýaly siňdirer azap.
Guwanyp ýaşaýar ajap çaglara,
Ýyllar kerwen gurap barýarlar uzap.

Ynsanlyk parzyny ýagşy päl bilen,
Ilden alkyş alyp bitirýändir ol.
Gözbaşyny arçap kätmen, pil bilen,
Zemine baky ýaz getirýändir ol.


Pasyllaryň seresi

Janyňa tenekar hoştap howasy,
Altyn güýzüm — pasyllaryň seresi.
Ajap nagma guş-gumrynyň owazy,
Altyn güýzüm — pasyllaryň seresi.

Biýarada kemsiz süýjän terneler,
Keşbin synlap, duýgularyň terlener,
Uzak ýola şaýyn tutýar durnalar,
Altyn güýzüm — pasyllaryň seresi.

Şapak öňküsinden goýalan ýaly,
Akar ukusyndan oýanan ýaly,
Baglar sarylyga boýalan ýaly,
Altyn güýzüm — pasyllaryň seresi.

Altyn güýzüm, kän eçildiň nygmaty,
Ylham berdiň, bir ýürege sygmady,
Gözelligiň gözlerimi egledi,
Altyn güýzüm — pasyllaryň seresi.

Nurlandyrdyň şugla saçyp meňze sen,
Waspyň ýetýär aýdymlarda, heňde seň,
Kämillikde diňe saňa meňzeseň,
Altyn güýzüm — pasyllaryň seresi.

Güýçnazar Täşliýew,
welaýat saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynyň mugallymy.

"Balkan" welaýat gazeti, 12.10.2023

Tmpedagog