13.10.2023 Döredijilik146 .

Pyragy sen


Gam-gussala gaýa bolan,
Misginlere saýa bolan,
Şan-şöhrata eýe bolan,
Pyragy sen, Pyragy sen.

Ylham badasyny içen,
Il derdine ýanyp geçen,
Dillerinden dürler seçen,
Pyragy sen, Pyragy sen.

Şygra berip bar höwesi,
Sözleriniň ýokdur kösti,
Okap, öwrenen köp dersi,
Pyragy sen, Pyragy sen.

Ýazgarany biweç, gedem,
Hak sözüni sözlän merdem,
Meňli gyzyň waspyn eden,
Pyragy sen, Pyragy sen.

Namartlara berk daraşan,
Garybyň halyn soraşan,
Ajap zamana garaşan,
Pyragy sen, Pyragy sen.

Şygry söýülen, halanan,
Okap, köňüller çaglanan,
Bu gün dünýäde tanalan,
Pyragy sen, Pyragy sen.

Il derdini derdi saýan,
Sözlerine pähim çaýan,
Adyny äleme ýaýan,
Magtymguly Pyragy sen.

Gurbanmämmet Söýünjow,
Esenguly etrabyndaky 10-njy orta mekdebiň mugallymy.

"Balkan" welaýat gazeti, 12.10.2023

Tmpedagog