07.10.2023 Döredijilik161 .

MEN ŞYGRY SAÝLADYM...


Men şygyry ömür diýip saýladym,
Ykbalyňda orun alyp bilmämsoň.
Duýgularmy siňdirdim her setirne,
Elewrän umydym sojap diňmänsoň.

Men şygyry ömür diýip saýladym,
Güýz gussasy melul etdi serimi.
Ýalazy meýdanlaň sowuk ýelgini
Kakyp dur kalbymyň şol bir ýerini.

Men şygyry söýgim diýip saýladym,
Onuň bilen egsip dünýäň hupbatyn.
Ynamy, umydy poeziýa baglan
Öwrendim şahyrlaň ömür nusgasyn.

Men şygyry ömrüm diýip saýladym,
Bilýän, ol ornuňy dolduryp bilmez.
Ýöne senden tapawudy, gadyrdan,
Ol meni hiç haçan täk goýup gitmez.

Men şygyry ömür diýip saýladym,
Elewrän umydym sojap diňmänsoň.
Duýgularmy nagyş etdim setire,
Ykbalyňda orun alyp bilmämsoň.

* * *

Ömrüm dogulmadyk bir nowjuwanyň
Çalynmadyk iň ajaýyp mukamy.
Ýa gijesi bilen ybadat eden,
Yşka düşen derwüşleriň makamy.

Arzyly günleriň gamhory, ömrüm,
Ýazyp gutarmadyk şygrym ýaly sen.
Gussalara süllümbaý deý ezilen
Watandan uzakda sürgün ýaly sen.

Ömrüm bir şahyryň hyýalyndaky
Ýazmagy meýl eden kyssasy ýaly.
Ilkinji setiri kagyza geçmän
Galan beýik söýgiň gussasy ýaly.

* * *

Ruhum seň ruhuňa bendi bolupdyr,
Ýüregňe kalbymyň bagy bar ýaly.
Men indi sen bolup dünýä garaýan,
Ömrüm göze ilmez salgym mysaly.

Nazaryň içimden geçip dur parran,
Özüňi görmegiň hajatam ýok-la.
Seni suratyňdan söýüp bildim men,
Bilýän, hata edýän, ýazgarma, ýakma!

Duýgymy ýüregme salandyr Alla,
Bu ýollarda ejizlere orun ýok.
«Ruhuň belent bolsun!» diýýärsiň maňa,
Söýgim belent, bu gursaga syganok.

Ýazyp bilmän taryhyny söýgimiň,
Bu jahandan arman bolup gideýin.
Köp zat isländirin öýdemokdym men,
Azy nesip etdi, şükür edeýin.

Şükür: «Gowy dostum, tanşym, ruhdaşym»
diýip müdimilik kalpda galarsyň.
Seni özgelerden gabanyp bilmen,
Özge bolup seň ömrüňde galanym.

* * *

Suw beriň siz güllere,
Reňki barha güýjesin.
Gülüp bakyň günlere,
Ömür hasam süýjesin.

Geçip gitse bir mütdet,
Bagta ýar bolsa ýollar.
Goýsaň mynasyp perzent,
Ömrüň dowamy bolar.

Edebi bilen ýaşa,
Kemala gelen ogluň.
Manysy şoldur seniň
Öňde-soňda doglanyň.

«Ýagşy» diýip ýatlasyn
Ähli ilen-çalanyň.
Hikmetini ölçer sen,
Bu dünýäge geleniň.

Seň barlygyň nygmatdyr,
Bu gojaman Zemine.
Erte näbellilikdir,
Gülüp bakgyn hemine.

Bägül BERDIÝEWA,
Ak bugdaý etrabyndaky 28-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Nesil" gazeti, 07.10.2023

Tmpedagog