07.10.2023 Döredijilik105 .

GEL!


Arzuwlarmy uçurma,
Umyt şemin ýakyp gel.
Sabrym suwa gaçyrma,
Başyňa täç dakyp gel.

Seni nirden gözläýin?
Özgelere dözmäýin,
Bimar bolup gezmäýin,
Mähir bolup akyp gel.

Neneň ajap döwrümiz,
Pyntyk ýarsyn göwnümiz,
Uzaýan şu ömrümiz
Çyrag bolup ýakyp gel.

* * *

Öýkeläp gaýtsamam gaýtdym,
Kyn boldy sensiz ýaşamak.
Günümi görerin öýtdüm,
Kyn boldy sensiz ýaşamak.

Ne jaň geldi, ne-de özüň,
Özge üçin çalma sazyň,
Ýa barmydy mende aryň,
Kyn boldy sensiz ýaşamak.

Söýgim üçin göreşerin,
Gelseň bolýar, ýaraşaryn.
«Bagtym» diýip garaşanym,
Kyn boldy sensiz ýaşamak.

Daş ýüregiň eremezmi,
Umyt kerep saramazmy,
Yhlas atym ýöremezmi,
Kyn boldy sensiz ýaşamak.

* * *

Çeşme boýuna gelip,
Atyn suwa ýakan ýar.
Gujak doly gül berip,
Yşkym oda ýakan ýar.

Sözle, janym, sözleriň
Bu söýgime ylham, ýar.
Gözle, janym, gözleriň
Şirin jana melhem, ýar.

Yhlaslarym ynama
Monjuk edip dakan ýar.
Duýgularmyň gapysyn
Düýşlerimde kakan ýar.

Nurjemal EŞŞANOWA,
Görogly etrabyndaky daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen
50-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Nesil" gazeti, 07.10.2023

Tmpedagog