23.09.2023 Döredijilik127 .

Körpelere okap beriň!


Begenjiň oýlanmasy

Ýazyň güni bolsa-da,
Dagyň başy doly gar.
Synlasaň haýran borsuň,
Ynanmasaň, gel-de, gör.

Gözel dere-jülgeler,
Gülden bezese döşün.
Öten asyrlar dagyň,
Agardaýypdyr başyn.


Sabyn

Suw bilen çalsaň ele,
Köpürjik çykar ýüze.
Ýuwunaňda çalynýar,
Bedeniňe, el-ýüze.

Halaýar tämizligi,
Ysy burk urýan sabyn.
Şonuň üçin men oňa,
Mydama ýuwunýaryn.


Bahar pasly

Kim bolsa-da bu suratkeş,
Örän ökde, ezber eken.
Sähralara gyzyl, sary...
Dürli reňki sepip çykan.

Synla, dostum, gel-de, bir gör,
Kimkä beýle zähmetsöýer?
Erik, alma agaçlara,
Akja uny sepip ýören.

— Tanatsam, dost, suratkeşi,
Mundan gelip çykýar asly.
Gözelligiň zergäridir,
Ol türkmeniň bahar pasly.


Yhlasjygyň sowaly

Kakasydyr ejesi,
Surata düşen eken.
Dört ýaşlyja Yhlasjyk,
Synlap muny galdy geň.

Durmuş toýlaryndaky,
Pursatlardan ol surat.
Yhlasjyga bu ýagdaý,
Görünýärdi örän ýat.

Onuň beren sowalyn,
Eşiden bolsadyň sen.
Diýdi ol kakasyna:
— Nirededim şonda men?!

Täçmämmet Gurbanmämmedow,
Türkmenbaşy etrabynyň Guwlymaýak şäherçesindäki
7-nji orta mekdebiň müdiri.

"Balkan" welaýat gazeti, 21.09.2023

Tmpedagog