03.09.2023 Döredijilik120 .

Beýik söz ussadym (Oýlanma)


Agşamlyk iş otagymda kitaplara gümra bolup otyrkam, kitap tekjesinde duran daşy gyzyl jähekli kitapda gözüm eglendi. Kitabyň ýüzünde «Magtymguly» diýip ýazylgydy. Kitaby elime alyp, Magtymgulynyň dürdäne setirlerini okamaga başladym. Beýik akyldaryň şygyrlaryny okadygymça okasym gelýärdi. Şygyrlardan aýrylyşyp bilmän oturyşyma, oýa batanymy duýman galypdyryn.

Göz öňümde Magtymgulynyň nurana keşbi janlandy. Onuň mylaýym sesi bilen okaýan şygyrlary gulagymda ýaňlandy. Hyýalymda şahyryň ýaşan döwrüne syýahat etdim.

Beýik söz ussadym! Seniň çuňňur many-mazmuna eýlenen döredijiligiň aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän giden bir düýpsüz ummandyr. Dagdan şildiräp akýan durnaň gözi ýaly dury çeşmedir. Seniň kitabyňy açanymda, üýtgeşik dünýäniň gapysyndan ätlän ýaly bolýaryn.

Magtymguly atam, sen ölmez-ýitmez eserleri miras galdyrypsyň, dünýä edebiýatynyň hazynasyna öz goşandyňy goşupsyň. Şonuň üçin türkmen halky gyzyla gaplaýmaly her setiriňi nesilden-nesle geçiripdir.

Magtymguly atam! Sen halkyň söýgüli şahyrysyň, pähimli maslahatçysysyň we ruhy hemaýatçysysyň!

Bu günki gün seniň köňül islegleriňi, ýürek arzuwlaryňy Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Serdarymyz durmuşa geçirýär. Aýlar aýlanyp, ýyllar kerwen gurap geçse-de, adyň-owazaň dünýäniň çar künjünde ýaň salar.

Men oý-pikirlerimden aýňalanymda, şeýle setirlerde nazarym eglendi:

Taraşlap şaglatgyl köňle geleniň,
Senden soňkulara ýadygär bolar!

Şatlyk JEPBAROW,
Murgap etrabyndaky 3-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Mugallymlar gazeti" gazeti, 30.08.2023

Tmpedagog