29.08.2023 Döredijilik172 .

Buýsançnama


Buýsançnama

Täze eýýam — täze döwre ýetiren,
Şöhrat, şöhrat Arkadagly Serdara!
Watanmyzyň şanyn arşa göteren,
Şöhrat, şöhrat Arkadagly Serdara!

Gökde ganat ýaýýar akja kepderler,
Parahat Diýara aşyk köp ýerler,
Guwançdan, buýsançdan doly köňüller,
Şöhrat, şöhrat Arkadagly Serdara!

Gülleýän, gül açýan eziz ilimde,
Ýaşlar kämilleşýär ylym-bilimde,
Ösüş, ýeňiş döwrüň nesillerinde,
Şöhrat, şöhrat Arkadagly Serdara!

Galkynyşlar haýyr işleň sogaby,
Ýer ýüzi tanaýar Türkmenistany,
Hak uzak ýaş bersin, sag bolsun jany,
Şöhrat, şöhrat Arkadagly Serdara!


Watan

Ileriň Köpetdag, gaýraň Garagum,
Jeýhun-Hazar ara müşk anbar, Watan!
Ýyladýar kalplary mähir-keremiň,
Goýnuňda keramat, gudrat bar, Watan!

Ajap eýýam, gözel döwür galkynýar,
Jennete gaýra dur diýýän görküň bar,
Baky bagta eýe bolan halkyň bar,
Pajarlaýar sende şöhrat-şan, Watan!

Ýaşlarmyza hemra ylym-bilimler,
Öwrenýär, okaýar gyzlar-ogullar,
Gör, nähili sowatly ýaş nesiller,
Guwan, Watan, buýsan, Watan, jan Watan!

Ýeňişlerde Galkynyşly zamana,
Ösüşlermiz ösüşlere rowana,
Alkyş bolsun Arkadagly Serdara,
Şöhrat-şany dünýä ýaň salýar, Watan!


Türkmenistan, ýüregim sen!

Garaşsyz, Bitarap ýurdum,
Türkmenistan, ýüregim sen!
Gülläp, gül açyp özgerdiň,
Türkmenistan, ýüregim sen!

Galkynyşda gözel döwrüň,
Täze eýýam ajap ömrüm,
Şadyýana joşda göwnüm,
Türkmenistan, ýüregim sen!

Gujagyňda mähir-kerem,
Misli baky bagy Erem,
Gözlem bal deý eşret gören,
Türkmenistan, ýüregim sen!

Beslenip şöhrata-şana,
Dolduň Zemine-Asmana,
Alkyş aýdýas Arkadaga,
Türkmenistan, ýüregim sen!

Hojageldi KÖRHANOW,
Babadaýhan etrabyndaky 15-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Mugallymlar gazeti" gazeti, 28.08.2023

Tmpedagog