29.08.2023 Döredijilik250 .

Melhem bolan mährem sözler (Durmuş we biz)


Ynsan göwni hoş söze maýyl bolarly. Çünki heran-haçan göwnüň çöküp, ruhdan düşseň, özüňe aýdylan hoş sözleri ýatlap galkynýaň ýa-da şol pursat durmuşdaky ýakymly tötänlikler seni özüňe getirip, sülleren güle suw berlen deý, terlenmegiňe sebäp bolýar. Şu gün ýörite şol birek-birege aýdylýan hoş we nähoş sözler hakynda bir zatlar ýazasym geldi.

Heniz on bäşimi doldurmadyk gögeleje wagtlarymdy. Ejemiň çakyzasy tutup, ýaraman ýatyrdy. Şeýle ýagdaýda janyna zat ýaramazdy. Öý ümsümlik hem garaňkyradylan bolmalydy. Kakam pahyryň dünýesini täzelemesi bilen bu ýagdaý zol gaýtalamany çykardy. Ýüz-gözi çişip duran ejem sessiz ýatyrdy. Öýde özümden başga adam bolmansoň, birbada näme etjegimi bilmän aljyradym. Göwnüme, bolmasyz bir zat bolup barýan ýaly, howsala düşdüm. Nädip hem bolsa, ejemiň derdine derman tapasym gelip elewreýärdim. Zowzuldap ýörşüme, ahyr ejemden göwnüniň küýseýän zadyny soradym. Ol: «Düýe çal bolaýsa» diýip pyşyrdady. «Bolýar» diýip, ýanyndan gaýtdym. Şol pursat çaga kalbym az-kem ynjalyk tapypdy. Sebäbi ejem düýe çal içse, gutuljakdy.

Obamyzyň ileri çetinde ýaşaýan hojalyklaryň birinde düýe bardygyny bilýärdim. Näçe bahym gidip düýe çal getirsem, şonça çalt hem ejem gutulmalydy. Elime gap alyp, jöwzaly tomsuň tüp-yssysynda düýeli hojalyga tarap ýola düşdüm. Her kim öýle ukusynda bolmaly. Howla girip, näçe gygyrsam hem, hiç kim habarymy almady. Ahyr sesimi gataldyp: «Gelneje-e-e» diýip gygyranymda, sesimde agy gatyşygy duýlup gitdi. Kellesine başatgyjyny atyp, öýüň eýesi daş çykdy-da: «Süýr günortan gelipsiň weli, eýgilikmi, gyzym? Kimiň gyzy sen, näme boldy?» diýip sorady. Men gözümi ýaşlap durşuma bir demde arzymy aýtdym: «Ejem ýaranok, kellesi gaty agyrýar, düýe çalyňyz bar bolsa beräýiň, ejem çal içjek diýýär» diýdim. Alasarmyk ýagdaýda duran aýal aýdanlarymy doly eşitmedimi ýa düşnüksiz gürledimmi: «Näme diýýäň, keýgim, kimiň gyzy sen, ejeň kim?» diýip, täzeden sowal berdi. Biraz ekezlenip, garra golaý bardym-da, ýaňky aýdanlarymy täzeden gaýtaladym. Ýüzüme çiňerilip garap durşuna gözümden ýagdaýymy aňan bolmaly. «Hä, asyl, şeý diýsene, saňa düýe çaly agarany bilen bereris, gyzym. Bizi düýeli eden seniň kakaň pahyr ahyry. Ejeňe em boljak bolsa, düýäni hem bereris. Sen alada etme, ejeňe zat bolmaz, zor gelindir seniň ejeň» diýipdi.

Şol pursat gussaly göwnümiň asmana göterilişini bir bilsediňiz. Hyýalymda ejeme çaldan öň ýaňky sözleri aýdyp dikeldipdim. Hem çal tapanyma, hemem kakamyň salgysyna aýdylan bu sözlere begenip, öýe ýöräp däl, uçup gaýdypdym. Mährem sözlerden ganatlanan göwnüm meni aldamandy. Öýe bat bilen girip, ýaňyja eşiden ýakymly sözlerimi howlukmaçlyk bilen gürrüň berýärdim. Çasly çykýan sesim ýaramaýan hem bolsa, bu gürrüňler ejemiň derdine düýe çaldan hem gowy derman bolan ýalydy. Ol soň-soňlaram şol gürrüňi maňa zol aýtdyryp, gözüni ýaşlap diňlärdi.

Talyplyk ýyllarymy ýatlanymda bolsa mydama şu waka ýadyma düşýär.

Şol gün ýokary okuw mekdebimize göz barlaýan lukmanlar gelipdi. Olar ýörite göz barlanýan enjam bilen harplaryň has uly ýazylan şekilinden başlap, iň ownugyna çenli gözleriňi gezekleşdirip ýapyp, görkezmäge başladylar. «Sag gözüňi ýap!» diýenlerinde gatyrak basyp sakladymmy, nämemi, kiçiräk harplaryň bir-iki sanysyny gözüm ümezläp duransoň, ýalňyş aýdypdym. Bu ýagdaý meni juda müýnürgedipdi. Harplary tanamanym üçin etmesiz bir iş eden deý utandym. Şonda harplary taýajyk bilen görkezip duran lukmanyň kömekçisiniň: «Görşüň juda pes, bu gözler bilen nädip okaýaň?» diýip azym bilen aýdan sözi häzirem gulagymda ýaňlanyp duran ýaly. Ýola çykyp ýöräp barşyma, hakykatdan hem, gözlerim görmeýän dek aljyradym.

Bu wakadan köp wagt geçirmän göz hassahanasyna gitdim. Ýöne, näme üçindir, bu ýerde lukman şol tanyş harplaryň haýsysyny görkezse hem, tanadym durdum. Ol: «Tüweleme, sähel-mähel üşedipsiň diýmeseň, gözüň-ä edil bürgüdiň gözi ýaly. Häzir saňa damja dermanjyk ýazyp bereýin, on gün ýalyjak guýarsyň welin, gül ýaly bolar» diýipdi. Bu sözleri eşidip, aýdylanlaryň hakykatdygyna göz ýetirjek bolýan deý, ýola çykanymda uzaklara nazar aýladym. Göwnüme bolmasa, şäheri etekläp oturan dagyň depesindäki zatlary hem ap-aýdyň görýän ýaly boldum.

Şeýle ýagdaýlaryň şaýady bolup ýörşüme, bir zada anyk göz ýetirdim. Mähire ýugrulan jadyly sözler ynsanyň diňe bir ruhuna däl, derdine hem melhem boljak eken. Şahyryň: «Adamyň bir mätäç zady hoş sözdür, // Hoş söz aýdyň, depesine täç bolar» diýýän sözüniň üstüne päkize ýürekden çykan sözleriň diňe bir depäňde täç bolup durman, eýsem, göwünlere güýç, ýoluňa nur bolýandygyny hem goşasym gelýär. Goý, eşitdirjeklerimiz hem, eşitjeklerimiz hem mähire ýugrulan melhem jümleler bolsun!

Bibihatyja POPYÝEWA,
Murgap etrabyndaky 11-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Nesil" gazeti, 29.08.2023

Tmpedagog