24.08.2023 Döredijilik109 .

Ganhora gamhor bolman (Rowaýat)


Marguşyň gözel şäherleriniň biri Kuşmeýhana duýdansyz dökülen duşman ýurdy weýran edýär. Başa düşen beladan sypmak üçin şagyzy bezemen lybasyny çory çargadyna çalyşýar. “Ogul — olja, gyz — ýesir” diýip, ýesirleri synlaýan döwpisint duşman çargada bürenip oturanyň gül roýuny görüp, onuň gyşyk çatmadan çykan gyz däldigini aňlaýar. Adalatly kişi boljak bolýan gelmişek gyza göwni gidensoň, zora ýanaman razyçylyk aljak bolup, “Öňem köşkde, soňam köşkde, ýürek yşkda” diýip, habar gatýar. “Sowal irnik, biz bir gyrnak. Siz bir şir, taýyň hüýr” diýip, sypaýyçylyk eden gyzyň asylzadadygyny subut etmek üçin, gyzy zyndana oklan gelmişek, hilegärlige ýüz urup, onuň ýanyna bir aýýar kempirem taşlaýar. Ýüregini gam-gussa, tenini zyndanyň samany iýip barýan gyzyň içine-daşyna geçen aýýar: “Suw sonasy Selbijan, suwsandyr, ajygandyr” diýip, gawun kakdan doýrup, borjakly başaýlaýjydan gandyryp, “Teniň näzik — iýmitden, syratyň uzuk — geýmitden. Ýumşak saman teniňe batypdyr. Eneň-ataň näme bilen bakypdyr? Biziňkä mydama çorba-çoltuk, kädi-keltik, porsy paşmak, gaýnap bişmek, şüle-püle, bula-bula ber gula” diýip, zeýrenen bolýar.

Içgä seri sämän gyz bilmezlikden: “Bişen gaýmak, bagyrtlak gaýnak. Towuk pyşda, erik kişde. Tokly beýni, bagdan beýi. Buglanan towdary, döwme kebabyň gowulary. Düýe çaly agaran, gawun gowusy saralan. Etde — barak, ýagda — erek. Alma, injir, nardäne, hozuň maňzy derman-a. Et-ete, çorba-pete, ýag-ýilige, ýilik-bete ýa kuwwat-a” diýip, şasuprany sananyny duýman galýar. Şobada gapyny kakan aýýar gyzy köşge eltip, syryny paş edýär.

Emma namysyny janyndan eziz görýän türkmen gözeli ýalan ýylgyrýan ýurtýykana seredip: «Tenimi topragyma dözýän, duşmana dözmeýän. Atamyň ganhoryna gamhor bolup bilmeýän” diýip, “Eşigim — nah, namysym — ýüpek” diýen aýtgy bilen rowaýata siňip gidipdir.

Döwletmyrat JUMADURDYÝEW,
Garagum etrabyndaky 14-nji orta mekdebiň mugallymy,
mirasgär, TDP-niň işjeň agzasy.

"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti, 24.08.2023

Tmpedagog