24.08.2023 Döredijilik147 .

Hakyň serpaýy (Hekaýa)


Indi üç günüň içidir, dört atlynyň şol ümzügini öňe tutup, ýol söküp barşydy. Adamlar argyn ýaly görünse-de, bahar pasly bolansoň, göwünleri joşgunlydy. Öňde aňyrsyna-bärsine gözýetmez sähralyk başlandy. Daş--töweregi synladygyňça, synlasyň gelýärdi, tebigy gözellikler nepesiňi durlaýardy. Atlylar Beňňiwan diýlip atlandyrylýan beýik depäniň eteginde saklanyp, az-kem dem-dynç alyp, ýene ýola rowana boldular. Magtymgulynyň her düşelgede dünýä, ylym-bilim baradaky çuň pelsepeli söhbetleri, okaýan goşgulary ýadawlygy el bilen aýrylan ýaly edýärdi.

Sähranyň gözelligi göreni özüne bendi edýärdi, gyzyl köz ýaly gülälekler pessaý şemalyň badyna ikibaka yranyp, «Bizi synlaň!» diýýän ýalydy. Bu görnüşe kalby joşan iki ýetginjek — Aran bilen Esenaly yz çaljak bahanasy bilen şahyrdan ejaza alyp, öňe okdurylyp gitdiler. Aradan çaý içer salym geçip-geçmänkä, olar yzyna dolanyp geldiler. Atlarynyň yzyndaky bökderilgi horjunlarynyň gäbe görünmeginden, ýigitleriň wagtyhoşlugyndan awlarynyň şowly bolandygyny soraman biläýmelidi. Bu ýagdaýa endik eden Döwletaly edähedine görä: «Aw ganly!» diýende, olar biragyzdan «Aw janly!» diýip jogap berdiler, käkilikdir gylguýruk tutandyklaryny mälim etdiler.

Esli wagtdan Dehistanyň belent minaralary Gün nuruna öwşün atyp göründi. Bu ajaýyp görnüşe kalby joşan Magtymguly özüne mahsus owazy bilen ýuwaşja hiňlenip başlady:

«Dehistanyň baýrynda,
Bady-sabany görsem.
Bahaweddin Mirkulal,
Zeňňi Babany görsem...».

Ençe çarşenbäni başyndan geçiren Döwletaly şahyryň köňül küýsegine düşünip, atynyň başyny ýerli ilatyň Maşat ata diýip atlandyrýan «Şir-kebir» metjidine tarap öwürdi. Şu jelegaýa ýoly düşse, Magtymguly hökman Maşat ata metjidine baryp, öten-geçen ärleriň-pirleriň ruhuna aýat-töwir okardy.
Doga-ybadat berjaý edilip, öýle namazy okalansoň, atlylar gadymy Dehistan şäherine sary rowana boldular. Topragyň ygal paýy ýetik bolansoň, ümürsin kösükler, saýawanyny sähel galdyryp jyklaýan akja kömelekler, ýeralma çalymdaş domalanlar şähdiňi açýardy. Magtymgulynyň bolsa dana pederi bilen eden söhbedi ýadyna düşýärdi.

* * *

Indi esli wagt bäri Magtymguly täsin düýş görýärdi. Düýşünde jowur ak sakgally, perişdepisint ýaşuly oňa: «Derhal Dehistana seýran et, şol ýerdäki bady-saba seni görlüp-eşidilmedik gudrata duçar eder» diýip, gözden gaýyp bolýardy. Şahyr bu ahwalata basyrganyp, gygyryp, zöwwe ýerinden galýardy. Nähili ahwalatyň bolup geçendigine göz ýetirjek bolup, esli wagt kellesini tutup, pikire çümüp oturýardy. Şeýle pursatda kakasy Azady onuň dadyna ýetişýärdi, ogluny köşeşdirýärdi. Her gezek Azady onuň başujunda IX asyrda ýaşap geçen, taryhda aryflaryň soltany diýen beýik ada eýe bolan Hezreti Baýezid Bestamynyň «Şathiýýat», ýagny «Heserleniş hikmetleri» atly diwanyny görýärdi. Ýaş başyndan oglunyň şeýle çuň eseri okamagy kalbynda howatyrlanma döredýärdi, onuň dünýägaraýşyna zeper ýeter öýdüp gorkýardy. Azady guşluk çaýynyň başynda Magtymguly bilen bu barada söhbetdeş boldy. Ogly kakasyna ýygy-ýygydan görýän düýşleriniň düýp mazmunyny gürrüň berdi. Oglunyň uçran derdine aňryýany bilen düşünen Azady oňa ak pata berip, sähetli günleriň birinde Dehistana zyýarata gitmegini müwessa bildi.

* * *

Atlylar öz döwründe görlüp-eşidilmedik derejede gülläp ösen gadymy şäheriň harabaçylygyna, ençe asyr geçse-de, asyl durkuny, nepisligini saklan minaralara aýlanyp gördüler. Magtymguly: «Gör, taryhyň, wagtyň ýowuzdygyny. Metjit-medreseli, bazar-dükanly şäheri ne hala salypdyr?!» diýip, yns-jyns galmadyk şäheriň geçmişi barada oýlanyp, biraz tukatlandy. Soňra hemmeler agzybirlik bilen agşamlyk şamyny taýýarlamaga girişdiler. Çişe düzülip, ojar odunyň közüne goýlan käkilikdir gylguýrugyň jyzyrdap bişýän etiniň ýakymly ysyny aram öwüsýän şemal uzaklara äkidýärdi.

Agşamlyk şamyndan soňra käkilik oty bilen yşgyn garylyp demlenen jana lezzet beriji çaýyň başynda söhbet gyzdy. Dehistanyň döreýiş taryhy, bu ýerde doglup, önüp-ösen, dünýä belli küştçi bolup ýetişen Abu-Bekir As-Sulynyň ömür ýoly barada Magtymgulynyň aýdyp beren maglumatlary adamlarda uly gyzyklanma döretdi. Söhbediň soňy aýdym-saza ýazdy. Etrabynda adygyp ugran Esenaly bagşynyň şirin owazy kalplary tämizledi. Gije birçene baranda, başlar ýassyga goýuldy. Aradan az salym geçenden, olary süýji uky öz ygtyýaryna aldy.

Magtymguly oýaly-ukyly halda gözüni asmana dikip ýatyrdy. Näçe pursat geçeni belli däl, adatdan daşary gudratly bir güýç ony öz yzyna düşürip, golaýdaky beýik depäniň üstüne alyp geldi. Bu ýerde adaja öwüsýän bady-saba göýä müşki-anbar goşulan ýalydy. Janyňy alyp barýan beýle hoşboý ysy ol öňde-soňda görmändi. Biraz wagtdan soň Magtymguly usurgap, uka giden ýaly boldy. Ol heniz adyny eşitmedik-görmedik ýurtlarynyň üstünden ganat baglap uçup barýardy. Ol ýerlerdäki görýän zatlary ylym gorunyň üstüni ýetirip, gözýetimini giňeldýärdi. Birnäçe wagtdan soň, ony biri yralady. Şahyr ýalpa gözüni açdy. Başujunda şol düýşünde görýän jowur ak sakgally, perişdesypat ýaşuly durdy. Ol: «Oglum, zatdan gorkma, sen Arşyň üstünde seýran etdiň. Saňa magrypdan maşryga çenli ähli zatlaryň syry aýan bolar. Bu närseleri ynsanlara ylmy nazaryň hem-de sada diliň bilen beýan edersiň» diýip, gözden gaýyp boldy.

Magtymguly misli düýş gören ýaly ýerinden böküp turdy. Ol üýtgeşik bady-sabanyň gudratyna haýran galdy. Ol indi öňki Magtymguly däldi, nirä nazar salsa, barça zada dil biten ýaly sazlaşyk döreýärdi. Dogup gelýän Günüň keşbinde hem täsin gudraty görýärdi. Serinde manysy şugla saçýan setirler älemiň syryny açyp, öz-özünden taraşlanyp, döräp barýardy.

Şahyr ýoldaşlarynyň ýanyna ýetmäge howlugyp, şol tarapa ýöneldi. Aňynda bolup geçen üýtgeşik gudraty olar bilen paýlaşasy gelýärdi. Ol üýtgeşik gudrat bolsa külli adamzadyň baky hemrasy bolup dörejek kämil şygyrlaryň gönezligi bolan Hakdan berlen tükeniksiz zehin serpaýydy.

Güýçnazar Täşliýew,
welaýat saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynyň mugallymy.

"Balkan" welaýat gazeti, 24.08.2023

Tmpedagog