22.08.2023 Döredijilik1211 .

«Eý, mekdebim, jana-jan...»


Oglanjyk 6 ýaşady. Şeýlelikde, onuň durmuşynda täze döwür başlandy. Sebäbi ol geljek okuw ýylynda ak mekdebiň bosagasyndan ätlemelidi. Mundan özüniňem habary bardy. Günlerde bir gün ol ejesiniň ýanyna baryp: «Eje, men haçan okuwa gidýän?» diýip sorady. Ejesiniň biraz oýlanyp: «Ýene-de 60 gezek ýatyp-turanyňdan soň...» diýip beren jogaby oglanjygy kanagatlandyrdy. Ýogsam, ol sanlaryň hemmesini ýa bilýändir, ýa-da bilýän däldir... Ol bu zatlary mekdepde indi öwrenmeli ahyryn. Her bir çaganyň ýeke-täk arzuwy bar: ulalmak. Eýsem, mekdebe gitmek — ulalmagyň ilkinji ädimi dälmi, näme?!

* * *

Mekdebi gutaran günüm bolup geçen bu wakany hiç wagt unutmaryn. Gutardyş günümiziň bir-iki gün öň ýany mekdebimizi şeýle bir bezediler welin, ol mekdebe däl-de, toý ýerine çalym edýärdi. 25-nji maýda diýseň şowhunly geçen gutardyş dabarasyndan soň, her kim öýli-öýüne dargady.

Şol gün öýlän bir iş bilen ýene mekdebe öwrülip bardym. Meni üýtgeşik bir duýgy gaplap aldy. Hamala diýersiň, mekdep: «Ine, görşüň ýaly, mekdebiň-ä edil öňküsi ýaly. Ýene täze okuwçylar geler, uçurymlar gutaryp gider... Saňa bilim, sowat beren mekdebiňi, mugallymlaryňy hiç ýatdan çykarma, ýoluň ak bolsun! Mekdep durmuşy şeýder-de dowam eder durar... A sen näme? Seniň ugruň hanjak?!» diýýän ýalydy...

Aşyr SAPAROW,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.

"Watan" gazeti, 22.08.2023

Tmpedagog