20.08.2023 Döredijilik15851 .

Beýik Pyragy


Pähim-paýhas jemdir her bir sözüňde,
Danalar danasy beýik Pyragy!
Hormat, sarpaň belent Ýeriň ýüzünde,
Gündogar danasy beýik Pyragy!

Şygyrlaryň meňzeş Jemşit jamyna,
Manysy asal deý melhem janyňa,
Diwanyň çalyşman dünýe malyna,
Akyldar şahyrmyz dana Pyragy!

Şeýda bilbilmi sen gonan gülüne,
Şygyrlaryň Hak salmyşdyr diliňe,
Şahyr bolup şan getiren iline,
Gündogar danasy, beýik Pyragy!

Beýikleriň hatarynda san bolan,
Goşgularyň sany örän kän bolan,
Edebi mirasy genji-kän bolan,
Türkmen akyldary beýik Pyragy!

Göterlen ykbalyň bolup güwäsi,
Arzuwlan döwletiň berkdir binasy,
Adyň dünýä halklarynyň senasy,
Akyldar şahyrmyz beýik Pyragy!

Serdar ÝAZHANOW,
Halaç etrabyndaky 13-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Mugallymlar gazeti" gazeti, 02.08.2023

Tmpedagog