19.08.2023 Döredijilik146 .

Göwün güli


Gülleri peýwagtyna synlamagyň hem özboluşly lezzeti bar, olaryň görnüşleri, bezelişi, terligi özüne maýyl edýär.

Işdeşimiň doglan gününe ajaýyp sowgat etmegi niýetläp, gül bazaryna sowuldyk. «Gül satylýar» diýmäge hem diliň baranok, ol satýanada, alýanada deň derejede şatlyk, mähir paýlap dur. Bärde gülleriň owadan görnüşleri, hoşboý yslary göwnüňi göterýär, kalbyňa şatlyk, baýramçylyk ruhuny çaýýar.

Elleri ajaýyp gül çemenli adamlaryň mylaýym ýylgyryşyna, mähir-muhabbetine goşulyp, gül bazaryna sowlanyňy özüňem duýman galýaň.

Gül çemenlerini saýlanymyzda, gözel gyzyň eli gelşip duran hereketlerini synlap, «Berekella!» aýtdyk. Gözüni güllerden aýyrman synlap, ysgap barýan işdeşim: «Ajap sowgadyňa sagja bol işdeş, minnetdar» diýdi. Soňundanam: «Garşy bolmasaň, çemenlerden ýene birini alaýaly!» diýdi. Men içimden: «Gülleriň ajabyny alsagam azrak göräýdi öýdýän» diýip, pikir ýüwürtsem-de, «Ýaş toýuny belleýäniň islegi kanun» diýdim-de, garşy bolmadym, dolanyp bardyk-da, ajap çemenleriň ýene birini taýýarlamagyny haýyş etdik. Işinden göwnühoş gyz hoşboý ysly dürli reňkli güllerden şeýle bir enaýy çemen bogup, gaplap, bezäp, özboluşly gözellik çaýdy weli, dogrusy, surat çekýändir öýtdük. Işdeşim satyn alyp, elinde saklap duran gül çemenini uzadyp: «Ynha, jigim, bu saňa, durmuşymyzyň has gözel, has ýakymly, has ysnyşykly bolmagy üçin çekýän azabyňa, yhlasyňa! Öz durmuşyň hem edil şu gül çemenleri ýaly owadan bolmagyny arzuwlap, özüňe gowşurýarys» diýdi. Şunça wagt gülleriň arasynda bolsa-da, adamlara mydama gül paýlap ýörse-de, özüne gönüläp sowgat berilmänligindenmi ýa garaşylmadyk sowgat bolanlygyndanmy, gözel gyz ýaňky çemeni alyp, ýene bir ýola synlap, tolgunyp, ysgap, «Gowudygyny» diýip, şeýle bir höwesli kabul edip sagbolsun aýtdy weli, özümiziň hem bu gün şatlyk paýlandygymyza monça bolduk.

Nurmyrat ATAÝEW,
Murgap etrabyndaky 15-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Zenan kalby" žurnaly, 08.2023

Tmpedagog