19.08.2023 Döredijilik121 .

Nurana keşpli gudrat (hekaýa)


Ba­ha­ryň aja­ýyp gi­je­sin­de ýu­waş­lyk bi­len ýag­ýan ýag­şyň top­ra­ga goý­ýan yzy­na äpiş­ge­den syn edip otu­ry­şy­ma, akyl­dar şa­hy­ry­myz Mag­tym­gu­ly­nyň şu goş­gy se­tir­le­ri biyg­ty­ýar ha­ky­da­myň ga­py­sy­ny kak­dy:

Ýe­riň, gö­güň, ar­şyň-kür­süň sub­ha­ny,
Re­hm eý­le­ýip, ýag­myr ýag­dyr, sol­ta­nym!

Bu se­tir­ler me­niň köp­den bä­ri ýaz­ma­ga hy­ýal­la­nyp ýö­ren pi­kir­le­ri­mi ka­gy­za ge­çir­me­gi­me se­bäp bol­dy.

...Men ol wagt­lar or­ta mek­de­biň soň­ky syn­pyn­da oka­ýar­dym. Gün­ler­de bir gün türk­men di­li we ede­bi­ýa­ty mu­gal­ly­my­myz Esen Ça­ry­ýew äh­li­mi­zi jem­läp, oba­myz­dan uzak bol­ma­dyk Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň okan Id­ris ba­ba med­re­se­si­ne gezelenje äkit­jek­di­gi­ni aýt­dy. El­bet­de, biz bu ha­ba­ra diý­seň be­ge­nip­dik. Çün­ki ol ýe­re öň gi­dip gör­se­gem, äh­li­miz jem bo­lup en­tek git­män­dik. Şeý­le­lik­de, git­me­li gü­nü­miz hem ge­lip ýe­tdi. Bi­ziň ba­ry­myz jem bo­lup, Esen mu­gal­ly­myň ýol­baş­çy­ly­gyn­da Gy­zy­la­ýa­ga ta­rap ug­ra­dyk.

Aw­to­bus sä­hel sa­ly­myň için­de Id­ris ba­ba med­re­se­si­niň öňün­de sak­lan­dy. Id­ris ba­ba med­re­se­si we onuň öňün­dä­ki go­ja şa­tut biz­de uly gy­zyk­lan­ma dö­ret­di. On­da daň­lyp — goý­lan en­çe­me ýag­lyk­la­ra se­re­dip dur­şu­ma, mu­gal­ly­ma ýüz­len­dim:

— Mu­gal­lym, bu tut ba­ra­da bi­ze gür­rüň be­räý­se­ňiz!

— «Ony Ny­ýaz­gu­ly ha­ly­pa ekip­dir» di­ýen gür­rüň bar. Bu ýer­de adam­lar öz­le­ri­niň gö­wün is­leg­le­ri­niň ama­la aş­ma­gy­ny ar­zuw­lap di­leg ed­ýär­ler. Id­ris ba­ba, Ny­ýaz­gu­ly ha­ly­pa, Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy ýa­ly akyl­dar­la­ryň, öň­den­gö­rü­ji we­li­le­riň aýak toz­la­ry­ si­ňen top­rak bi­hal däl­dir.

Şol wag­tam bu ýe­re da­şa­ry ýurt­ly ja­han­keş­de­le­riň to­pa­ry gel­di. Olar mu­gal­lym bi­len ga­dyr­ly sa­lam­laş­dy­lar we gür­rüň et­di­ler. Ola­ryň ýa­nyn­daky terjimeçi ýa­nyn­da­ky­la­ryň diý­ýän zat­la­ry­ny ter­ji­me ed­ýär­di. Ja­han­keş­de­ler med­re­sä­niň da­şyn­dan bir­nä­çe ge­zek aý­la­nyp, onuň gur­lu­şy bi­len iç­gin gy­zyk­lan­dy­lar, soň içi­ne gi­rip gör­dü­ler. Ola­ryň ara­syn­dan in­çe­mik­den uzyn boý­ly, bug­daý­reňk ze­nan ol ýer­den ug­ra­maz­la­rynyň öňü­sy­ra­syn­da:

— Si­ziň bag­ty­ňyz ge­ti­rip­dir. Çün­ki ke­ra­mat­ly yn­san­la­ryň ýa­şap öten top­ra­gyn­da ýa­şa­mak diý­seň uly bagt — di­ýip, ýyl­gy­ryp dur­şu­na dil­len­di.

Biz olar bi­len hoş­la­şyp, zy­ýa­ra­ty­my­zy do­wam et­dik. Med­re­sä­niň için­de hem di­leg­ler et­dik. Mu­gal­ly­my­myz bi­ze Mag­tym­gu­ly ba­ra­da en­çe­me gy­zyk­ly gür­rüň­le­ri aý­dyp ber­di. Gaýt­ma­ga hy­ýal­la­na­ny­myz­da bol­sa men hem ol ýer­dä­ki tu­da bir ýag­lyk da­ňyp, Mag­tym­gu­ly­nyň dog­duk obasyna ba­ryp gör­me­gi di­leg et­dim...

Ara­dan bir­nä­çe gün ge­çen­den soň Esen mu­gal­lym me­ni ýa­ny­na ça­gy­ryp, ýaş­lar ga­ze­tin­de Mag­tym­gu­ly­nyň dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li dö­re­di­ji­lik bäs­le­şi­gi­niň yg­lan edilen­di­gi­ni ha­bar ber­di-de, ma­ňa-da şol bäs­le­şi­ge gat­naş­ma­gy mas­la­hat ber­di. Onuň tek­li­bi­ne men tol­gun­mak­dan we be­gen­mek­den ýa­ňa ýaý­dan­jy­rap dur­şu­ma:

— Yna­my­ňy­za sag bo­luň, mu­gal­lym! Ýö­ne... — di­ýip dym­dym.

— Ýö­ne­si nä­me?!

— Men ba­şa­rar­my­kam, mu­gal­lym?!

— Men se­niň ze­hi­ni­ňe ynan­ýan. Özüň hem ynan! Ynam ýok ýe­rin­de hiç bir za­dam wy­sal bol­maz. Öňüň­de tu­tuş bir aý wag­tyň bar. Bäs­le­şi­ge go­wy eser ta­ýyn­la­gyn!

—Bol­ýar, mu­gal­lym. Yna­my­ňy­zy öde­jek bo­la­ryn! — di­ýip, otag­dan çyk­dym. Şol gün­den soň bü­tin oý-pi­ki­rim ýaz­ma­ly ese­rim ba­ra­da bol­dy. Bäs­le­şi­ge Mag­tym­gu­ly­nyň Id­ris ba­ba med­re­se­si­ne gel­şi ba­ra­da he­ka­ýa ýa­zyp tab­şyr­dym. Şol gün­ler­dä­ki ýü­re­gi­miň how­sa­la­sy­ny nä­mä de­ňe­je­gi­mi bi­le­mok. Tol­gun­mak­lyk duý­gu­sy­ny özü­me hem­ra edi­nip, gün­de bäs­le­şi­giň jo­ga­by­na ga­ra­şy­şym hiç wagt hem ýa­dym­dan çyk­maz. Edil şol gün­ler­de hem goň­şy­myz Me­ret aga­nyň ata­myň ýa­ny­na ge­len­de: «Üns­li se­ret­seň, Mag­tym­gu­ly­nyň dog­duk me­ka­nyn­da, da­gyň üs­tün­de onuň keş­bi gö­rün­ýär­miş» eden gür­rü­ňi me­ni özü­ne çe­k­di. Kän wagt geç­män­kä hem bäs­le­şi­giň je­mi jem­le­nip, bäs­le­şi­giň ýe­ňi­ji­le­ri­niň bi­ri bo­lan­dy­gym ba­ra­daky we ýe­ňi­ji­le­ri sy­lag­la­mak da­ba­ra­sy­nyň Mag­tym­gu­ly et­ra­byn­da ge­çi­ril­jek­di­gi ha­kyn­da­ky ça­gy­ryş ha­ba­ry­ny al­dym. Şol gün be­gen­jim­den ýa­ňa aýa­gym ýe­re deg­män­di.

Bu hoş ha­ba­ry des­si­ne Ese­n mugallyma ýe­tir­dim. Ol bu ha­ba­ra özüm­den be­ter be­gen­di.

Men bäs­le­şik­de ýe­ňi­ji bo­lan­dy­gy­ma-da be­gen­ýär­dim we­lin, Mag­tym­gu­ly­nyň dog­duk oba­sy­na ba­ryp gör­jek­di­gi­me has-da be­gen­ýär­dim...

Şol gün aw­to­bus­da gi­dip bar­şy­my­za gö­züm daş-tö­we­re­gim­de­di. Mag­tym­gu­ly et­ra­by­nyň çä­gi­ne gi­re­ni­miz­de has-da tol­gun­dym. Ahy­ry ýa­nym­da otu­ran gy­za ýüz­len­dim:

— Şu tö­we­rek­ler­de dag­da Mag­tym­gu­ly­nyň keş­bi gö­rün­ýär­miş di­ýip eşit­dim we­lin, şol ýer uzak­da­my?

— Hä­li­den bä­ri daş-tö­we­rek­den gö­zü­ňi aýyr­man gel­ýäň we­lin, bir se­bä­bi bar eke­ni. Ol ýe­re ba­ra­ny­myz­da özüm gör­ke­ze­rin — di­ýip, gyz ýyl­gyr­dy. Köp sa­lym geç­män­kä-de:

— Ha­na, şol ýe­re se­ret. Si­ňe­räk se­ret­seň Mag­tym­gu­ly­nyň keş­bi me­sa­ňa bo­lup du­ran­dyr — di­ýip, ma­ňa ýüz­len­di.

Il­ki gö­zü­me ynan­ma­dym. Dog­ru­dan-da, Mag­tym­gu­ly­nyň keş­bi dag be­lent­li­gin­de ho­wa­la­nyp dur­dy. Yn­ha, şol keşp! Gör­me­gi ar­zuw­lan keş­bim! Ol, hy­ýa­lym­da däl. Bu—ha­ky­kat! Du­rup bil­män:

— Be­ýik akyl­da­ryň dag­lar­da­ky keş­bi! Gud­ra­ty­ňy­za dö­ne­ýin, Py­ra­gy­ny gö­ren be­ýik dag­lar! — di­ýip, şat­ly­gy­my içi­me syg­dy­ryp bil­me­dim. Şol pur­sa­dam, as­man­dan ýa­gyş dam­ja­la­ry se­çe­le­nip baş­la­dy. Yzy­myz­da otu­ran­la­ryň bi­ri ses­len­di:

— Nur ýag­ýar, be­re­ket ýag­ýar.

Onuň sö­zü­ni baş­ga bi­ri alyp gö­ter­di:

— Mag­tym­gu­ly­nyň dog­duk oba­sy­na go­laý­la­ber­sek as­ma­nam nu­ru­ny eçi­li­be­ren­dir gör­seň.

Ýa­gyş bi­re­na­ýy şy­byr­dap, gör­nü­şi tä­sin keş­be ge­tir­di. Bu pur­sat­da akyl­dar şa­hy­ryň:

Ýe­riň, gö­güň, ar­şyň-kür­süň sub­ha­ny,
Re­hm eý­le­ýip, ýag­myr ýag­dyr, sol­ta­nym! —

di­ýen se­tir­le­ri gu­la­gym­da ýaň­la­nyp gi­den ýa­ly bol­dy. Me­niň di­de­le­rim­den be­genç göz­ýaş­la­ry ak­ýar­dy.

— Eý, akyl­dar, se­niň ga­da­myň dü­şen top­rak, ha­ky­kat­dan hem gud­rat! — di­ýip py­şyr­da­dym we öz goş­gu­la­ryn­da er­ka­na, asu­da, bo­le­lin dur­mu­şy ar­zuw­lap öten akyldaryň gö­ýä di­ýer­siň «Bu za­ma­naň, döw­le­tiň ga­dy­ry­ny bi­liň!» diý­ýän dek bak­ýan keş­bi­ne se­re­dip dur­şu­ma, şeý­le ke­ra­mat­ly şa­hy­ryň ýa­şap ge­çen döw­le­tin­de, şeý­le gö­zel we pa­ra­hat dur­muş­da ýa­şa­ýan­dy­gym üçin ýe­ne bir ge­zek şü­kür et­dim...




Merjen PAKYROWA,
Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Neşirýat-çaphana
orta hünär okuw mekdebiniň talyby.

"Garagum" žurnaly, 03.08.2023

Tmpedagog