16.08.2023 Döredijilik184 .

“1, 2, 3” diýýänçäm...


Size Atajan atly bir oglan barada gürrüň bermek isleýärin. Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynda ony iki ýyl ýaly okadypdym.

Atajanyň ep-eslije göwresi, şadyýan keşbi we sesi ony beýleki okuwçylardan tapawutlandyrýan aýratynlyklarydy. Başga-da, oturan ýerinde diňe bir eli bilen naharyny iýip bilýärdi, galan ähli zatlarda oňa hökman kömekleşäýmelidi. Onuň ýagdaýy şeýledi.

Ol, köplenç, aýdym aýtmagy halaýardy. Sapakda otyrka-da: “Mugallym, men aýdym aýdyp bereýin! Düýnem köçämizde biriniň toýunda bagşy boldum” diýen ýaly sözleri suňşurardy. Onuň aýdym aýdyşynyň bolsa zoňtar gürrüňleri diňläniň ýaly täsir edýändigi üçin garagol oglanlar: “Haý-haý bagşy” diýşip oýun etseler, ol gaty görüp gaharlanardy. Aýdym aýtmagyna rugsat beräýseň, welin, öz dünýäsinde toýa gider, gözüni ýumup, zowladyp, aýdym aýdar.

Atajan aňlamasa-da, aýdyma zowlatmak ony daşky dünýäden öz dünýäsine alyp gidiji araçydy. Aslynda, ol tutuşlygyna labyzsyz aýdymçydy.

Ýüwrüp geçýän günleriň birinde ir bilen mekdep bölümine girip, hepdeleýin ýatmaga galýan okuwçylaryň otaglarynyň deňinden geçip barýardym. Atajanyň kösenip, köýneginiň bir ýeňini geýip bilmän oturanyny görüp, ýanyna girdim. Edil şol mahal oňa hemişe goldaw berýän terbiýeçisi başga otaglardaky çagalara kömek edip ýören ekeni. Geýen köýneginiň çöwredigini görüp, Atajana ýüzlendim:

— Köýnegiňem-ä çöwre geýipsiň, hany, men köýnegiňi çykaryşyp, düzüw ýüzüne öwürýänçäm iň uly dilegiň näme bolsa, şony dile — diýdim. Ol içinden bir zatlar-a pyşyrdap arzuw etdi.

— Diledim, mugallym!

— Bolanyna görä, maňa-da aýdaý, iň uly arzuwyň näme?

— Aý, aýtmaýyn-la, mugallym!

— Edil mugallymyňdan gizlär ýaly zat däl bolsa, aýdyp goýber, eşikleriňi geýdirişenimden soň, ertirlik naharyny iýmäge-de özüm äkideýin.

— Aý, bolýar onda, aýdaýyn. Meniň şu dünýädäki iň uly arzuwym, Hudaý jandan iň uly dilegim: “1, 2, 3” diýýänçäm, aýagymyň üstünde durup görsem bolýar!

Muny eşidip, dilim tutulyp, az salym dymyp oturdym. Onuň: “Hudaý jandan iň uly dilegim, 1, 2, 3 diýýänçäm, aýagymyň üstünde durup görsem bolýar!” diýen sözleri gaýnag suwa öwrülip, depämden guýlana döndi...

“Dünýä kanunlarynyň hökmürowanlygynyň mizemezligini duýup ugran adam özüniň kiçijik meniniň ujypsyzja zatdygyna ýeňillik bilen düşünýär”. Bu sözleri meşhur alym Zigmund Freýdiň ýazandygyny talyplyk ýyllarym hormatly mugallymlarymyzyň biri gürrüň beripdi.

Gürrüňi edilen hökmürowanlygyň mizemezligini unudyp, men--menlik edýän wagtlarym, başga birlerine at dakyp, gepini edýän pursatlarym, maddy tarapdan sähel-mähel ýetmezçilik bolanda ýüzümi ejizlige tarap öwrenimde, dünýäniň ähli derdi başyma düşen ýaly özümi gynaýan wagtlarymda, ýolumda duşýan, ýeňip geçip boljak dürli hili ownuk-uşak zatlaram kynçylyk hökmünde kabul edenimde, durmuşdan ýa-da adamlardan närazy bolup gaharlananymda, sebäpli-sebäpsiz içim gysanynda, wagtlaýynam bolsa, özümi ýonmak üçin “1, 2, 3...” diýmegim ýeterlik ekeni. Men munuň hakykatdan hem şeýledigine şindiz ýeke gezegem aýagynyň üstünde durup görmedik oglanjygyň özi üçin ägirt uly, biz üçin sähelçe zat bolup görünjek ýürek gopduryjy arzuwyny sarsgyn bilen diňläp düşündim.

Ybraýym ATAÝEW,
Hydyr Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň
türkmen dili we edebiýaty mugallymy.

"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti, 16.08.2023

www.turkmenmetbugat.gov.tm

Tmpedagog