16.08.2023 Döredijilik115 .

Gadymyýetden miras galan alajam


Ene-mamalarmyň hünäri bolan,
Gadymyýetden miras galan alajam.
«Dakylsa göz-dilden goraýar» diýlen,
Gadymyýetden miras galan alajam.

Ak bilen garadan alaja bolar,
Ol hem birenaýy, sadaja bolar,
Ak hem päk niýeti ýadyňa salar,
Gadymyýetden miras galan alajam.

Ýada düşýär ilki öwrenen wagtym,
Gyzlara örmegi öwreden wagtym,
Göýäki ýüzerdim kölünde bagtyň,
Gadymyýetden miras galan alajam.

Ajap dessurlarmyz dowamat-dowam,
Ýaşlardan uludyr umytdyr tamaň,
Geljek nesillere ýetirler hökman,
Gadymyýetden miras galan alajam.

Täzegül JAPAROWA,
Balkanabat şäherindäki ýöriteleşdirilen
2-nji orta mekdebiniň mugallymy, şahyr.

"Balkan" welaýat gazeti, 16.08.2023

www.turkmenmetbugat.gov.tm

Tmpedagog