06.06.2023 Döredijilik157 .

Ata wesýeti
(Hekaýa)


Daň saz berende Aman atasynyň ýanynda ýokdugyny gördü-de, haýdap ýerinden turdy. Seretse, atasy mellek ýerinde bakja ekinlerine ideg edip ýördi. Ol:

— Salawmaleýkum, ata. Ertiriň haýyrly bolsun! — diýip, atasynyň ýanyna bardy. Atasy agtygynyň salamyny alyp, oňa mähirli ýüzlendi:

— Aleýkimsalam. Sag-aman turduňmy, Aman jan?! Gel, ekinleriňe syn et! Gör, nähili miweler ýetişip ugrapdyr. Nesip bolsa, ýakyn wagtda bileje hezil edip iýeris. «Çekseň zähmet — ýagar rehnet» diýleni, balam. Azabymyz ýerine gowuşýar — diýip, ol Amanyň başyny emaý bilen sypady. Daşarynyň sergin howasy keýpiňi göterýärdi. Atasy Amana ir säher turup zähmet çekmegiň, gezim etmegiň adam saglygyna edýän gowy täsiri barada gürrüň berdi-de, özüniň-de şonuň üçin ir örýändigini, yhlas bilen mellegine ideg edýändigini aýtdy. Aman çaga kalbynyň joşup, dillenenini hem duýman galdy:

— Ata, sen hemişe ir turmalydygyny, sagdyn bedenli bolmak üçin hereket etmelidigini ündeýärsiň. Birem «Sagdyn bedende — sagdyn ruh», «Bilimsiz öý — otsuz ojak» sözlerini köplenç aýdýarsyň. Ata, şol sözüňi bir düşündiräýseň?! — diýip, piline söýenip duran atasyna ýüzlendi. Atasy birsalym diňşirgendi-de, agtygynyň beren sowalyna hoşal bolup, söze başlady.

— Balam, bu sözler Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan, şu günki bagtyýar ýaşlara berýän pähimli wesýetlerindendir. Gahryman Arkadagymyzyň durmuş ýörelgesine eýermek, öwüt-ündewlerini ýerine ýetirmek parzdyr. Ir-säher örmek, arassa howadan dem almak, zähmet bilen meşgullanmak adam saglygyna diýseň peýdalydyr. Men hem ýaşlykdan ony özüme endik edindim. Ýöne diňe hereket etmek bilen saglykly bolunýan däldir — diýip, sözüniň üstüni ýetirdi:

— Aman jan, hemişe birek-birege ýagşy dileg edilende janyň sag bolmagy arzuw edilýär. Arzuw etmek gowy zat, ýöne özüňde ýaşlykdan gowy endikleri kemala getirmeli. Bedeniňi zähmet bilen, sport bilen taplamaly, ruhy dünýäňi baýlaşdyrmaly. Ruhy dünýäňi baýlaşdyrmak üçin bolsa köp okamaly, bilmeli, öwrenmeli. Bu bolsa, öz gezeginde, giň düşünjeli, sagdyn pikirli bolmagyňa ýardam berýär. Şonuň üçin-de kiçi ýaşdan başlap, kitap okamagy endik edinmeli, mekdepde mugallymyň tabşyrýan ýumuşlaryny gyşarnyksyz berjaý etmeli. Bularyň ählisini bolsa wagtyňy bisarpa tutman, hemişe özüňe erk edip, ýerine ýetirip durmaly. Köp okamagy endik etseň, geljekde durmuşda hünär saýlamak hem, islendik işi özüňe hemra edinmek hem ýeňil bolar. Kitap bilen gümra bolana akyl-da hemra bolar. Wagt geçdigiçe bilimiň artyp, okaýan her bir zadyňdan many çözlemegi-de başararsyň. Balam, kitap okaman, bilimli bolunýan däldir. Okamak bilen her bir ynsan özüni taplaýar. Hereketiň ynsan bedenine peýda berşi ýaly, kitap okamak hem ynsanyň pikiriniň sagdyn bolmagyna ýardam berýär. Ine, şu zatlary çagalykdan endik edinip, utgaşykly ýerine ýetirseň, jemgyýetde kämil şahsyýet bolup ýetişersiň. Kämil şahsyýet diýlip, berk bedenli, sagdyn ruhly adama aýdylýandyr. Bedeniňi sport, zähmet, hereket bilen berkidip durşuň ýaly, ruhuňy-da kitap okamak, ýazmak arkaly baýlaşdyryp durmaly. Pikiriň, bedeniň sagdyn bolanda, sen-de bagtyýar bolarsyň. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň berk bedenli, sagdyn ruhly, ylymly-bilimli, işine ökde, kämil, bagtyýar ýaşlarynyň biri bolup ýetişersiň. Siziň şol maksada ýetmegiňiz üçin bolsa, ýurdumyzda giň mümkinçilikler döredilendir. Şol mümkinçilikleri dogry ulanmagy başarmak seniň özüňe baglydyr. «Sagdyn bedende sagdyn ruh», «Bilimsiz öý — otsuz ojak» diýilmegi-de hut şonuň üçindir.

Mahlasy, balam, wagtyňy tygşytly ulan, özüňe dogry dost tutun, mekdepde oňat okaýan okuwçylaryň hatarynda bol, mugallymlaryňy, ene-ataňy, özüňden ululary diňlemegi başar, olardan sapak almaga çalyş. Öwrenen ähli zatlaryň seni diňe kämillige iterer. Güýjüňe güýç goşar, maksadyňa ýetmäge höwes döreder, özüňe bolan ynamyňy artdyrar. Bilimiň artdygyça dogry hereket etmäge ymtylarsyň. Zähmet çekmek-de, kitaplar bilen wagt geçirmek-de saňa kynçylyk däl-de, keýpiňi göterýän güýmenje bolar. Aýratyn-da, Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp atalyk kitaplaryny gollaryňdan düşürmän, ürç edip oka, öwren! Ol ajaýyp kitaplar her bir ynsana ýolgörkeziji aýnadyr, durmuş menzilinde şamçyragdyr, sarsmaz hemaýatçydyr.

Atasynyň sözleri Amanda uly täsir galdyrdy. Ynha, indem uly höwes bilen kitaplaryny eline aldy. Onuň buýsanjynyň çägi ýokdy, sebäbi ol asuda, parahat Watanyň bagtyýar perzendidi, bilim we terbiýe almak, sport bilen meşgullanmak, döredijilige bolan ukyp-başarnygyny artdyrmak üçin ähli mümkinçiliklere eýedi.

Şatlyk JEPBAROW,
Murgap etrabyndaky 3-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Mugallymlar gazeti" gazeti, 05.06.2023

Tmpedagog