03.06.2023 Döredijilik92 .

Çagalara okap beriň!


Bedene

«Wit-widik», «wit-widik»,
Duraý-da, Sona!
Indi saýranok,
Wah, uçdy ana!

— Ol näme guşka? —
Sorady Mergen.
— Bilýän, bedene,
Saýraýar irden.

— Wah, tutup bolsa,
Salsaň kapasa...
— Ýok, guşjagazlar,
Erkin saýrasa,

Has-da ýakymly,
Bolar nagmasy.
Göwnüňi açar,
Gökde gaýmasy.

Toýly KERIMOW,
Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky
29-njy orta mekdebiň mugallymy.

"Daşoguz habarlary" welaýat gazeti, 01.06.2023

Tmpedagog