03.06.2023 Döredijilik110 .

Tymsallar


Ýalňyşlykmy ýa-da ýalan
― Adamyň ýalan sözleýändigini ýa-da ýalňyşýandygyny nädip bilmeli? ― diýip, şägirdi halypasyna sowal berdi.
― Ilki maňa aýt! Ýalan näme? ― diýip, halypa sorady.
― Haçan-da adamyň özi bilip durka galat sözlese, ol ýalan bolýar ― diýip, şägirt jogap berdi.
― Ýagşy! ― diýip, halypa sözüni dowam etdirdi. ― Eger sende onuň aýdýanlaryna şübhe dörese, seniň pikiriňçe, onuň nämede ýalňyşýandygyny aýt! Eger ol seni diňläp, saňa düşünmek isleýän bolsa, bu bir zat. Eger ol seniň aýdýan delilleriňi diňlemekden boýun gaçyrsa, bu başga zat.

Ýaşaýşyň manysy
Üç adam dagda daş köwleýärdi. Olaryň birinden:
― Näme edýärsiň? ― diýip soradylar.
Ol maňlaý derini syryp:
― Görmeýärmiň näme?! Daş goparýaryn.
Ikinjiniň ýanyna baryp, ondan hem soradylar:
― Sen näme iş edýärsiň?
Ol köýneginiň ýeňlerini çermäp, işjeňlik bilen şeýle diýdi:
― Gazanç edýärin.
Soňra üçünji adama hem şol sowaly berdiler:
― A sen näme işleýärsiň?
Ol asmana bakyp:
― Metjit gurýaryn ― diýdi.
Kim beýik maksada gulluk edýän bolsa, diňe şonuň ömri manydan doludyr.

Öz ýoluňy tapmaly
Bir ýaş ýigit ussatdan özüni şägirtlige almagy haýyş etdi. Şonda dana kişi şeýle diýdi:
― Senem, beýleki okuwçylarym ýaly, mende okap-da, hatda ýaşap-da bilersiň. Ýöne meniň yzymy eýeriji bolaýma!
― Onda men kimiň yzyna eýermeli?
― Hiç kimiň yzyna eýerme! Haçan-da kimdir biriniň yzyna eýerseň, hakyky ýoldan daş düşersiň.
― Eýsem, siziň beýleki okuwçylaryňyz nädýärler?
― Olar öz ýoluny gözleýärler. Ony tapan dessine-de, meni terk edýärler.


Erkinaý NARBAÝEWA,
Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen
25-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Türkmen gündogary" welaýat gazeti, 01.06.2023

Tmpedagog