17.05.2023 Döredijilik74 .

Kitapsöýüji dostlar
(Hekaýa)


Üçünji synpda synp ýolbaşçymyz bize mekdep kitaphanasyndan kiçi ýaşly mekdep okuwçylary üçin niýetlenen çeper eserleri alyp okamagy sargyt etdi. Arakesmede synpymyzdaky okuwçylaryň hemmesiniň diýen ýaly ýüzi kitaphana tarap boldy. Okap bilýänimizem, gowşagragymyzam, kitap görse ýüzüni bürüşdirýänimizem birbada maňlaýyny kitaphana diredi. Bizi bu ýere bilesigelijiligimiz getiripdi. Synpdaşlarymyzyň köpüsi birbada höwesek ýaly bolsalar-da, soňra sowaşdylar. Kitaphana yzygider gatnaýanlaryň biri-de mendim. Toýçy dostum hem menden galanokdy.

Men çepiksije, kelte boýlyjadym, beýleki synpdaşlarymyň arasynda örän ejizje görünýärdim. Meniň ilkinji saýlan kitabymyň ady «Iki dost» boldy. Men dostluk baradaky kitap tapanyma begenip kitaphanaçynyň ýanyna geldim. Onuň ýanynda duran Toýçy dostuma öz tapyndymy uly guwanç bilen görkezdim-de, ýuwaşlyk bilen:

— Men-ä ilkinji nobatda şu kitaby okajak!— diýdim. Dostum makullaýjylyk bilen baş atdy. Biziň gürrüňimizi eşiden kitaphanaçy äýneginiň ýokarsyndan bize birgeňsi garady-da:

— Hany, Ata, sen nähili kitaby saýladyň, bir görüp-bakaly? — diýip, maňa ýüzlendi. Bu kitaphanaçy mekdebimiziň ýaşuly mugallymydy. Hormatly dynç alşa çykandan soňra oňa kitaphanany ýöretmegi tabşyrypdylar. Men bu maglumatlary kakamdan eşidip bilýärdim, çünki Ýoldurdy mugallym kakamyň iň ýakyn dostudy. Olar örän ysnyşykly gatnaşýardylar. Öýde oturyp küşt oýnaýardylar.

Şonuň üçin bolsa gerek, men Ýoldurdy mugallymyň ýanyna örän arkaýyn bardym. Men ondan: «Berekella, Ata, sen kitab-a saýlap bilipsiň» diýen öwgüli sözlere garaşýardym. Emma bary tersine bolup çykdy. Ol meniň elimdäki kitaby alyp, bir gyrada goýdy-da:

— Ata, saňa entek bu kitaby okardan ir — diýdi. Men haýran galdym. «Ol näme üçin beýlekä?» diýip, oýa batdym. «Deň-duşlarymyň okamaga alýanlary-da çaklaňja kitaplar. Bu ýerde mundan ýuka kitap ýok ahyryn».

Kitaphanaçy welin, meniň pikir edişimdenem başga hörpden gopdy. Ol ýerinden turaga-da, ortaky tekjeleriň birinden bir kitaby alyp geldi-de:

— Sen, ine, häzirlikçe, şu kitabyň içindäkileri okap öwren. Indiki geleniňde-de maňa oňatja edip gürrüň berersiň. Kitabyň mazmunyny özleşdirişiňe görä-de, saňa ýene nähili kitaby okamaga bermelidigini çözeris — diýdi. Men özüme gyzykly kitap berilýändir öýdüp, ony bada-bat garbap aldym-da gatlaryny açdym. Şol bada-da bar keýpim gaçdy. Kitabyň sahypalarynda her dürli maşklaryň nähili edilýänligini görkezýän oglanyň şekilleri bardy. Meniň bu kitaby okamak höwesim şol bada zym-zyýat boldy. Ýoldurdy mugallyma naýynjar bakanymy-da duýman galypdyryn. Emma kitaphanaçy öz pikirinden dänerli däldi. Ol maňa uly bir ýagşylyk edýän görnüşde:

— Hawa, Ata, sen şu maşklary oka, öwren, her günde säher bilen gaýtala. Saňa bu maşklaryň diýseň peýdasy deger. Sen ösmeli, daýawlanmaly — diýdi. Men kitaby alsam-da, kitaphanadan lapykeç halda çykyp gaýtdym. Bu kitaby okamag-a beýlede dursun, hatda onuň ýüzüne-de seredesim gelmeýärdi. Ony kitap salýan bukjamyň içine dykdym-da, meniň halyma çyny bilen gynanyp duran Toýça:

— Menden-ä okan ýok şuny, üçünji gün özüň maňa derek tabşyryp berersiň-dä, dost! — diýdim. Ol nebsagyryjylyk bilen başyny atdy.

Biz uly arakesmäni dymyp geçirdik. Soňky arakesmede Toýçy ýene-de bir gezek öz ugurtapyjylygyny, dostuna bolan yhlasyny görkezdi. Ol uly bir zady haýyş edýän ýaly, maňa ýüzlendi:

— Ata, bilýäňmi näme, men senden bir zady haýyş etjek. Sen gaty görme. Eger razy bolsaň, gel, ikimiz kitaplarymyzy çalşyp okaly. Men, ynansaň, öňden bäri seniň alanyň ýaly maşklary öwredýän kitaplary okamak höwesindedim. Ýöne men näme üçindir ýaňy şol kitaby görmändirin. Gel, çalşyp okaly. Ertire çenli sen-ä meň kitabymy oka, men-de seniňkini. Onsoň ertir her kim öz okan kitabynyň mazmunyny gürrüň beräýsin — diýdi. Men diýseň begendim.

— Çynyňmy?! — diýip onuň ýüzüne bakdym. Dostuma hoşallyk aýdyp, guş kimin uçup öýe geldim. Iýip-içerime mähetdel, boş otaglaryň birine geçip kitaby okamaga başladym. Ol wagtlar çalt okamak endiklerimizi ösdürýän döwrümizdi. Kitapda örän gyzykly hekaýajyklar berlipdir. Men olary üç-dört ýola okadym. Mazmunyny gowy özleşdirenimden soň, biraz arkaýynlaşdym. Çünki men ertir kitap barada dostum Toýça gürrüň bermelidim. Ol hem maňa gürrüň bermeli.

Toýçy göz öňüme geldi.

— Ýogsa-da ol ertir maňa näme gürrüň bererkä? Ol kitapda gürrüň berilýän waka bolmasa näme? Ýa-da, ol maşklary ýerine ýetirermikä?

Toýçynyň ertirki hereketlerini göz öňüme getirjek boldum.

Mümkin, ol hakykatdanam maşklary öwrenjekdir. Ol öň-ä maşk etmegi halaýan diýip maňa aýtmaýardy...

Birdenem, Toýçynyň garaşylmadyk ýerden çykalga tapmaga ökdedigi ýadyma düşdi. Men pikire batdym. «Diýmek, dostum meni bu lapykeçlikden halas etmegiň ýoluny tapypdyr».

«Dostum Toýçy! Gör, sen nähili ýürekdeş. Üstesine-de ugurtapyjy. Sen bolmasaň men näderdim» diýip, oňa ertirki aýtjak hoşallyk sözlerimi öwran-öwran gaýtaladym.

Dostumyň bu sapagy maňa wepadarlygy, ugurtapyjylygy, dostuňa kömek bermäge, ony goldamaga hemişe taýýar bolmagy öwretdi. Iň esasy-da, dostumyň bu hereketi sporta höwesimi-de oýardy. Şol günüň ertesi dostumyň kitapdaky maşklary maňa ýeke-ýeke gaýtalap görkezmegi meni-de şol maşklary öwrenmäge we her gün irden gaýtalamaga höwes döretdi. Allaberdi PAŞŞYKOW,
Tejen etrabyndaky 2-nji orta mekdebiň mugallymy.

Allaberdi PAŞŞYKOW,
Tejen etrabyndaky 2-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Mugallymlar gazeti" gazeti, 15.05.2023

Tmpedagog