05.01.2023 Döredijilik209 .

Tmpedagog


Türkmen pedagoga hormatdan nyşan,
  Okyjyñ az däldir saña garaşan,
  Okasañ duýmarsyñ ýanwarda gyşam,
  Online hyzmatda tmpedagog.

  Başarnygyñ, üstünligiñ subut et!
  Halypadan öwren hem hazyna ýet!
  Pedagoglar bilen diñe öñe git!
  Online hyzmatda tmpedagog.

  Göz ýetirjekmi sen pedagogika,
  Jemlenendir onda kämil logika,
  Geljek nesillere bolar hronika,
  Online hyzmatda tmpedagog.

  Döwran mugallymyñ başlangyjynda,
  Ynamynyñ, yhlasynyñ güýjünde,
  Hany geliñ, okamaga tijende!
  Online hyzmatda tmpedagog!
  Hemişe hormatda tmpedagog!

Aýjemal Gaýlyýewa,
Balkanabat şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen
2-nji orta mekdebiniň türkmen dili we edebiýat mugallymy, şahyr.



Tmpedagog