14.05.2023 Döredijilik77 .

Körpelere okap beriň!


Ejem janyň elleri

Tamdyra ýapar çörek,
Ejem janyň elleri.
Bişirer pişme, börek,
Ejem janyň elleri.

Iýseň çorba, palawyn,
Unutmarsyň tagamyn,
Bişir bermän salymyn,
Ejem janyň elleri.

Taýynlap berer gutap,
Gezersiň mydam ýatlap,
Göýä bir syrly kitap,
Ejem janyň elleri.

Bahar gelende ülkäme

Meýdanlar ter gülden dolar,
Bahar gelende ülkäme.
Çeşme-çaýlar nagma çalar,
Bahar gelende ülkäme.

Gök maýsalar göýä haly,
Asman dury çüýşe ýaly,
Dünýä gözellikden doly,
Bahar gelende ülkäme.

Owlak-guzular mäleşer,
Körpe köşekler bozlaşar,
Guşlaryň sesi sazlaşar,
Bahar gelende ülkäme.

Gazanlarda süýtdür gaýmak,
Ýokdur lezzetinden doýmak,
Bol bolar peýnir, balgaýmak,
Bahar gelende ülkäme.

Ýüzüň ýuwar ýazyň ýagşy,
Joşar munda şahyr-bagşy,
Tebigata salar nagşy,
Bahar gelende ülkäme.

Atamyň pili

Atam pilini,
Ýürekden söýýär.
Işländen soňra,
Tämizläp goýýar.

Pil bilen ekin,
Ekip ýörendir.
Mellegi agdaryp,
Depip ýörendir.

Maňa-da öwredýär,
Ekin ekmegi.
Suw, dökün berip,
Zähmet çekmegi.

Atamyň pili,
Mydam arassa.
Kir-kimiri ýok,
Her kim seretse.

Ol bikärligi,
Hijem islänok.
Şoň üçin pilem,
Asla poslanok.

Gurbanmämmet SÖÝÜNJOW,
Esenguly etrabyndaky 10-njy orta mekdebiň mugallymy.

"Balkan" welaýat gazeti, 11.05.2023

Tmpedagog