03.05.2023 Döredijilik98 .

Tymsallar


Köstsüz gözeliň gözleginde
Bir adam uzak ýaşady, ýöne ýaşy togsandan aşsa-da, ýeke saparam öýlenmedi. Ahyr ýaşynda oňa:
― Sen hiç haçan öýlenmediň, ýöne onuň sebäbini hem aýtmadyň! Sanalgyň dolup barýarka biziň gyzyklanmamyzy kanagatlandyr! Şeýdeniň bilen saňa zelel gelmez ― diýip ýüzlendiler.
Şonda goja şeýle jogap berdi:
― Men nikalaşmaga garşy bolmandym, ýöne ömrüm boýy hiç kösti bolmadyk zenany gözledim. Şeýdip ömrüm gözlegde geçdi gitdi.
― Şu äpet dünýäniň ilatynyň ýarysy zenan bolup durka, seniň ýeke-täk köstsüz zenany tapyp bilmändigiňe haýran galaýmaly.
Gojanyň gözýaşy ýygyrt atan ýaňagyna syrykdy. Ol:
― Edil beýle-hä däl. Ahyrsoňy men birine duşdum.
Sowal berýänleri geň galma duýgusy gaplap aldy.
― Onda näme üçin oňa öýlenmediň?!
― Şol zenan hem köstsüz erkegiň gözleginde ekeni...

Baky juwanlygyň syry
Bir mylakatly, garry eneden soradylar:
― Ene! Siz agyr durmuşda ýaşadyňyz, şonda-da kalbyňyz köpimiziňkiden juwan. Munuň syry barmy?
― Hawa, onuň syry bar, ezizlerim! Men özüme edilen ýagşylyklary ýüregime, ýaramazlaryny bolsa suwa ýazdym. Eger men tersine eden bolsam, meniň ýüregim bitmez ýaralardan doly bolardy. Şeýtmändigim sebäpli ýüregim edil atyr ysly Erem bagy kibidir. Biribar bize gymmatly ukyplaryň ikisini ― ýatlamak hem-de unutmak ukyplaryny beripdir. Haçan-da bize ýagşylyk edenlerinde, hoşallyk ony ýatda saklamaga, ýamanlyk edenlerinde bolsa söýgi ony ýatdan çykarmaga höwes döredýär.

Hakyky bilim hakda
Şägirdi bir sapar ussadyna:
― Aýtsaňyz-laň, halypa, hakyky bilimi ýalandan ýalňyşman nädip parhlandyryp bolar? ― diýip, sowal berdi.
― Haçan-da çölde gidip barýarkaň, gözüňe birden bagly-bakjaly ajaýyp mekan görünse, onuň salgym däldigine göz ýetirmek üçin näme ederdiň? ― diýip, halypa onuň özüne sowal bilen ýüzlendi.
Şägirdi biraz oýlanyp:
― Ony barlamagyň iki ýoly bar: ýa şol sapaly mekana tarap gitmeli ýa-da salgym ýok bolýança garaşmaly ― diýdi.
― Eger ol, hakykatdan-da, salgym bolsa, seniň aýdýan iki ýagdaýyňda-da ýitip gitmezmi?
― Elbetde, ýitip gider.
― Onda oňa tarap gitmek gerekmi?
― Ýok.
― Eger ol baglyk hakyky bolsa, oňa tarap ýöräniňde ýa-da ýöne oturanyňda ýitip gidermi?
― Ýok, ýitip gitmez... Diýmek, hemişe garaşmaly-da?! ― diýip, şägirdi meseläni çözen dek seslendi.
― Belki, ýöremek gerekdir? ― diýip, halypa ýene sowal berdi.


Toplan Ogulbeg PAKYROWA,
Türkmenabat şäherindäki 1-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Türkmen gündogary" welaýat gazeti, 27.04.2023

Tmpedagog