14.04.2023 Döredijilik72 .

Tymsallar


Kynçylygy kim döredýär?
Bir esger çöl bilen barýardy. Ýol uzakdy. Ol ýolda atyny, polatdan tuwulgasyny, söweş enjamlaryny ýitirdi. Elinde diňe gylyjy galdy. Ol açdy, teşnelik heläk edýärdi. Birden ol uzakdan bol suwly köli gördi. Esger barja güýjüni jemläp, suwa tarap topuldy. Köle ― dirilik çeşmesine ýetiberende bolsa onuň kenarynda üç kelleli aždarhanyň oturandygyna gözi düşdi. Esger soňky güýjüni toplap, gylyjyny syryp, aždarha bilen başa-baş söweşe girdi. Olar iki gije-gündizläp söweşdiler. Esger aždarhanyň kelleleriniň ikisini kesdi. Üçünji gün aždarha halys güýçden gaçyp ýykyldy. Onuň gapdalyna-da ysgyn-mydarsyz, gylyjyny götermäge-de mejaly galmadyk esger ýykyldy. Şonda aždarha barja güýjüni jemläp:

― Esger, eýsem, seniň näme islegiň bardy? ― diýip, ondan sorady.

― Suw içjekdim.

― Içjegiň suw bolsa, içibermeli ekeniň-dä!..

Sabyrlylyk bilen şüküranalyk
Bir zamanlar dünýäde ähli zady çekip çydaýan Sabyr ýaşapdyr. Ol sabyrlydy, çydamlydy. Ýöne onuň hem sabyr käsesiniň dolýan wagty bolýan ekeni. Ine, günlerde bir gün şol pursat gelip ýetipdir. Sabyr durmuşyny özgertmek isläpdir. Ol: «Çydam ede-ede halys boldum. Onuň haýry ýok» diýip, pikir etdi. Şeýdip, ol has alys ýere, başgaça ýaşaýşa ýetmek umydy bilen ýola düşdi. Emma näçe uzaga gaçdygyça, onuň başyna köp külpetler, uly şowsuzlyklar inip ugrady. Belki, şeýle ýagdaý tükenmez derejede dowam etse-de ederdi welin, birden onuň öňünde düýpsüz gorp keserdi duruberdi. Sabyr alaçsyzlykdan ýaňa halys ruhdan düşdi, gözlerine ýaş aýlady. Onuň ahy-nalasy daglary lerzana getirdi. Ol ahyrsoňy tapdan düşüp, uka gitdi. Aňyrsy görünmeýän garaňky gorp bilen onuň arasy bolsa bary-ýogy bir ädimdi. Biraz wagtdan Sabyr kimdir biriniň mähir bilen egninden yralaýandygyny duýdy we gözlerini açdy. Ýuwaş hem-de mylaýym sesli biri:

― Sen kim? Gorpuň gyrasynda ýatmaň näme? Janyňdan irdiňmi? ― diýip sorady.
― Men Sabyrlylyk. A seniň özüň kim? ― diýip, Sabyr onuň özüne sowal berdi.
― Sabyrlylyk diýsene?! Onda hemme zat düşnükli. Sabyr etmekden bizar bolupsyň-da?! Şonuň üçin nämälimlige tarap ugrapsyň. Şondan başga zady oýlap tapyp bilmediňmi?! Hany, gel, tanşaly! Men Şüküranalyk ― diýip, ol mähirli ýylgyryp jogap berdi. Soňra bolsa çynlakaý keşbe girip, şeýle diýdi:

― Men saňa bir zat aýdaýyn: bu ýerde oturmagyň hajaty ýok. Beýdip otursak, irde-giçde gorpa gaçaýmagymyz hem mümkindir. Ýör, meniňkä gideli, dem-dynç al, özüňe gel! Sen tanar ýaly bolmansyň. Bu bolşuň saňa ýaraşmaýar.

Şüküranalyk Sabyra aýak üstüne galmaga goldaw berdi. Sabyr birnäçe günläp, onuňkyda myhmançylykda boldy. Ol şeýle rahatlygy, ýylylygy, mähribanlygy ozal hiç ýerde görmändi. Bu ýerde hemme zat ýerbe-ýerdi, tertiplidi, arassady, tämizdi. Şol sebäpli oňa uzak wagtlap rahatlyk bermedik, agyr derde sezewar eden pikirler ony terk edipdi. Şüküranalyk bolsa:

― Eh, meniň dostum, eýsem, kynçylyklardan şeýdip gaçyp gutulyp bolýanmydyr?! Ykbalyň urgularyna garşy şeýle göreşilýänmidir?! Sen olardan däl-de, özüňden gaçypsyň. «Tokaýda agaç kändir» diýip, ýöne ýere aýdylmandyr. Sen gaçdygyňça olary özüň bilen bile alyp gaýdypsyň. Ýolda bolsa täze dertlere uçrapsyň. Barja zadyňa guwanyp ýaşamaly. Gaçmaly däl-de, kynçylyklara garşy göreşmeli. Ine, sen etek alty, ýeň ýedi bolup ylgapsyň, şonda hatda daş-töweregiňe-de äňetmänsiň. Eger nazar aýlan bolsaň, dünýäni başgaça görerdiň: asman ― göm-gök, Gün ― altynsow, otlar ― zümerret, ýoluň gyrasyndaky akar çeşme bolsa kümüşsöw. Guşlaryň müň dürli owazyna hem diň sal! Ylgamazdan ozal aýak çekip, daş-töweregiňe ser salmaly ekeniň. Şonda ýaşaýşyň şeýle bir ýaramaz däldigine göz ýetirerdiň ― diýýärdi.

Sabyrlylyk ony ünsli diňleýärdi we ähli zadyň şeýle ýönekeýdigi, bu ýerde uly syryň ýokdugy hakynda oýlanýardy. Hakykatdan-da, sabyrly bolmagy hem başarmak gerek. Ýeriňden gozganman, takdyra ten berip oturmak, ykbalyň ýowuz urgularyna döz gelmek bir zat, göreşmek, gaçmak, utulmak başga bir zat. Ýaşamak bilen birlikde dünýäniň ajaýypdygyny we bakydygyny ýatdan çykarmazlyk hem mümkin ahyryn. Özge zatlaryň ählisi geldi-geçerdir: edil gije bilen gündiziň orunlaryny çalşyşlary ýaly, gussa bilen şatlyk hem orunlaryny çalşyp durýarlar.

Toplan Jennet JUMAMURADOWA,
Türkmenabat şäherindäki 33-nji orta mekdebiň
iňlis dili mugallymy.

"Türkmen gündogary" welaýat gazeti, 13.04.2023

Tmpedagog