03.01.2023 Döredijilik73 .

Bagtly durmuş


 Mähirden zeminiň gujagna dolup,
 Söýüň siz!
 Söýüň siz! gözel durmuşy,
 Älemiň kälbyna diň salyp görüň!
 Neneň ajap bu dünýäniň gurluşy.

 Bagt hakynda aýdym aýdýar derekler,
 Olaň owazyny guşlar diňleýär.
 Asmanam şatlykdan gözýaş sepeläp,
 Tebigatyň süňňi barha ýeňleýär.

 Durmuş çalym edýär yşga düşene,
 Oň ýüregi ylham bolup gaýnaýar.
 Söýgi güllerinden çemenler bogup,
 Ynsanlaryň köňüllerine paýlaýar.

 Söýüň siz!
 Söýüň siz!gözel durmuşy,
 Söýmekligiň özi ullakan zehin.
 Söýgi bilen urýar dünýäň ýüregi,
 Söýgüden dem alýar asman hem zemin.

 Durmuşyň nazary ýylgyryp bakar,
 Dünýäň gözelligin ýürekden söýseň,
 Bagtymyzy özge zatdan gözleýäs,
 Durmuşda ýaşamak bagt dälmi eýsem?!


 Günlere

 Geçip barýan günler, sizden haýyşym,
 Ömür öýle boljak, biraz gyssanmaň!
 Düşünýän erteler garaşýandyrlar,
 Gitseňiz şu güne bagty gysganmaň!

 Gyssanmaň siz, pursatlardan ganaly,
 Şatlyga gol bersek, günler geňlemez,
 Her säherde täze durmuş başlanýar,
 Geçen günler, geljek güne meňzemez.

 Säherleri gadyr bilen garşylaň,
 Öýleden agansoň, erteler gelýär,
 Günler golun bulap geçip barýarlar,
 Aýlar öz ornuny ýyllara berýär.

 Ykballaň keşbini döretmek üçin,
 Ömürler günlere geregin berýär,
 Ezelden dünýäniň gurluşy şeýle,
 Şu gün ertelere gezegin berýär.


Aýjemal Gaýlyýewa,
Balkanabat şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen
2-nji orta mekdebiniň türkmen dili we edebiýat mugallymy, şahyr.



Tmpedagog