07.04.2023 Döredijilik240 .

Buýsançnama


Türkmeniň bagtyna ile baş bolan,
Alkyş Size, Arkadagly Serdarym!
Halkyna eşretli eýýamy beren,
Alkyş Size, Arkadagly Serdarym!

Dowam edýär bu gün Arkadag ýoly,
Dost-dogan türkmene sagy hem soly,
Gülzara öwrüldi ýurduň çar ýany,
Alkyş Size, Arkadagly Serdarym!

Görogly dogumly, merdi-merdana,
Watan Siziň bilen beslenýär şana,
Buýsançdan wasp eýläp ýazýarys nama,
Alkyş Size, Arkadagly Serdarym!

Siziň bilen täze eýýam, döwürler,
Saglyk serpaýyňyza uzap ömürler,
Diýýäris alkyşlap, ak göwünden:
Alkyş Size, Arkadagly Serdarym!

Belentde parladyp ýaşyl baýdagy,
Dilimizde bagtyýarlyk aýdymy,
Alyp barýaň ýoluň açyk aýdyňyn,
Alkyş Size, Arkadagly Serdarym!

Serdar ÝAZHANOW,
Halaç etrabyndaky 13-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Mugallymlar gazeti" gazeti, 05.04.2023

Tmpedagog