03.04.2023 Döredijilik86 .

Şahyrym!
(Oýlanma)


 Şahyrym! Hawa, şeýle diýip ýüzlenmegi men özüme uly mertebe hasaplaýaryn. Sebäbi seniň bagryň badaşan mukaddes topragyňda gözümi açdym. Çagakam uly adamlaryň: «Magtymguly atamyz bu barada şeýle diýipdir», «Magtymguly aýdan bolsa, dogrudyr» diýýän gürrüňlerini diňläp gulagym gandy. Mekdebiň bosagasyndan ätlän günümden bäri bolsa seniň her bir setiriň kalbyma nagyş, dilime sena boldy. Şol şygyrlar bilen boý aldym, ösdüm, ynsan bolup kemala geldim.

 Seniň Watany, il-güni gözleriň görejine deňäp ezizlän kalbyň hoştap sedasy säher şemalynyň mylaýym heňlerine öwrülip, her bir türkmeniň gapysyny kakdy, sallançakda ýatan akja bäbegi bolsa mährem enäniň näzik owazy deýin hüwdüledi. «Jeýhun bilen bahry-Hazar arasynda» her bir türkmen öýünde saňa, beýik ogly kemala getiren akyldar kyblaňa uly hormaty gördüm. Belent münberlerde buýsanç bilen ýaňlanan owazyňy eşitdim, ýürekleriň taryny kakyp geçen näzik duýgularyň bilen köňlüme aram tapdym. Seniň ýaly beýik şahyry bolan halkyň perzendi bolup doglanym üçin özümi bagtdan paýly hasap etdim.

 Hawa, bu gün ata mekanyňda, tutuş dünýä ýüzünde adyň has-da şöhratlanýar. Şygyrlaryň bolsa dürli dillerde bütin adamzadyň köňül kelamyna öwrülýär. Garagalpak şahyry Berdimyrat Berdak seniň ýoluňy yzlamagy özüne mertebe bilen bolsa, Kaýsyn Kulyýew beýikligiňi Elbrus dagyna deňedi. Bularyň barysyna mynasyp bolmak adyňy ebedilige alyp gitdi hemem halkyňa şan-şöhrat berdi.

 Şahyrym, sen — biziň milli söz ussadymyz. Çünki kalbyňdan syzdyryp çykaran her bir setiriň halkyň üçin niýetlenen, olardan ullakan dünýä tapyp bolýar, ynsanperwerligi, ahlaklylygy, mertligi, dogruçyllygy sanjak edinen dünýä. Milli ruhy döredijiligiňe hamyrmaýa deýin ýugransyň sen. Il-günüň bilen deň aglap, deň gülensiň, olaryň gaýgy-aladasy seniňem ýüküň, şatlygy, begenji bolsa seniň-de paýyň bolandyr. Ýüregiň il derdini çeke-çeke taplanandyr, gözleriň bu mukaddes topragy togap edip röwşenlenendir.

 Agaýana döwran sürüp, dürli döwürlerde ýetmişden gowrak döwlet döredip şöhratlanan halkymyzyň döwletsiz kösenen asyrlarynda ussat kyblaň bilen türkmeniň bir döwlete gulluk etmelidigini her bir eseriňde ündäpdiň. «Berkarar döwlet islärin» diýip, «Erer ol erkin mydam, budur türkmen binasy» hakynda halkyň arzuw-isleglerini, umytlaryny şygyrlaryň her biriniň süňňüne siňdiripdiň. Bakylyga halkyň bilen gadam basypdyň. Arzuwyňa-da ýetdiň.

 Doglan günüň 300 ýyllygy mynasybetli belleniljek dabaralara her bir türkmen, söz sungatyna sarpa goýýan, teşne kalplaryny seniň şygyrlaryň bilen gandyrýan her bir ynsan sabyrsyzlyk bilen garaşýar. Çünki olaryň hersiniň bu ýetip gelýän baýrama öz sowgatlary bar. Şolaryň birem men. Elimde-de sen hakynda ýazan kiçijek oýlanmam. Bu — meniň belent şahsyýetiňe goýýan sarpamyň nyşany, ýüregimdäki duýgularymyň — buýsanjymyň beýany hemem ylhamyň peşgeş beren miweleri.

 Doglan günüň 300 ýyllyk toýy mübärek bolsun, ähli döwürleriň beýik şahyry!

Bägül BERDIÝEWA,
Ak bugdaý etrabyndaky 28-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Nesil" gazeti, 01.04.2023

Tmpedagog