24.03.2023 Döredijilik418 .

Tapmaçalar


Tapmaçalar

Bathyzda gördüm,
Agaçlaň birin.
Ol hakda eşdip,
Geň galyp durun.

Bäş-alty ýüz ýyl,
Hatda bir asyr.
Ol ýaşap bilýän,
Ekeni asyl.

Güýzde bişende,
Miwesi geňsi.
Açyk agzyndan,
Görünýär maňzy.

Maňzyny iýseň,
Keýpiň çag bolýar.
Işläp alsalar,
Süýji ýag önýär.

Ençe miweden,
Ol em köp esse.
Bathyza gel-de,
Iýip gör ...

* * *

Hazar kenary,
Uly bir şäher.
Göçüp gelen dek,
Bu ýere bahar.

Owadan güller,
Müşk anbar ysda.
Çemenzarlykda,
Iller höwesde.

Deňiz howasy,
Ýüzüňi öpýär.
Seýle gelenler,
Şypa-em tapýar.

Bu ýer dostlugyň,
Mekan-merkezi.
Arşa ýaň salýar,
Aýdymy-sazy.

Gije-gündizi,
Ýar hoş owaza.
Şeýle ajaýyp,
Gözel ...

Hojageldi KÖRHANOW,
Babadaýhan etrabyndaky 15-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Güneş" žurnaly, 20.03.2023

www.turkmenmetbugat.gov.tm

Tmpedagog