21.03.2023 Döredijilik107 .

Agzybire Taňry bir...
Rowaýat


 Ýaşy ýetmişe ser uran ýaşulynyň iki sany ogly bar eken. Ol ogullar «Agzybire Taňry bir, agzalany gaňrybir» diýen parasatly jümlä eýerip, agzybirlikde ýaşap, gün-güzeranlaryny bolelinlikde dolandyryp ýörüşlerine «Göz boldumy, dil boldumy?” diýlen ýaly bularyň aralaryna tow düşüpdir. Şundan soňra, esli wagtlap, doganlar biri-birini hormatlaman, agzala ýaşapdyrlar.

 Bir günden bir gün ýaşuly ogullaryny ýanyna çagyryp:
— Aýdypdyr-a türkmen «Dogan dogana galadyr” diýip. Siziň beýdip ýörmäňiz bolanok. Gidiň-de bazardan goýun alyp, nahar bişirip, bir saçagyň daşyna jem bolup, goýnuň etini deň-derman paýlaşyp, öňkiňiz ýaly agzybirligiňizi saklaň, şonda biri-biriňize kömek edip, goldaw berip, biriňiziň ýetmeziňizi beýlekiňiz ýetirip, gül ýaly durmuşda ýaşarsyňyz — diýýär.

 Kakalarynyň aýdyşy ýaly, oglanlar semiz bir goýny alyp, etini paýlaşyp, ylalaşmakçy bolýarlar. Goýny soýup paýlaşanlarynda iki dogan ýene hiç düşünişip bilmändir. Doganlaryň ulusy kiçisine:
— Saňa goýnuň etinden köp paý düşdi — diýse, doganlaryň kiçisi ulusyna:
— Ýok, gaýta saňa köp paý düşdi — diýip, dawa edipdir.

 Bu dawany oglanlaryň kakasy hem eşidýär. Ýaşuly ogullaryny näler ylalaşdyrjak bolýar, emma olar şol bir aýdanlaryny tutup, ylalaşmaýarlar. Ahyry ýaşuly başga bir çykalga tapýar. Ol ogullaryna:
— Siz gidiň-de, obanyň gaýra çetinde ýaşaýan, pähimli-parasatly, her bir dawany adalatly çözýän dana gojanyň ýanyna baryň. Dawaňyzy şol çözüp berer — diýýär.

Ýaşuly ogullaryna duýdurman, şol aýdylýan gojanyň ýanyna ogrynça baryp, bolýan zatlary birin-birin aýdyp gaýdýar.

 Iki dogan ýaňky salgy berlen goja kişiniň ýanyna baryp, ýagdaýlaryny aýdýarlar. Goja az-kem pikirlenip durýar-da:
— Baryň, şol goýnuň etini meniň ýanyma getiriň! Men eti ikiňize-de deň paýlap bereýin, ýöne paýlaşykda meni hem bir paý etmelisiňiz — diýýär. Soňra goja getirilen eti üleşdirip başlaýar. Ol:
— Goýnuň bagyr-öýkeni bilen başy meniňki, garyn-içegesi bilen daşy (hamy) meniňki, gapyrgasy bilen döşi meniňki, galan süňki bilen göşi (eti) meniňki, umuman aýdanyňda, läşi meniňki — diýýär-de, goýnuň tutuş etini öz paýyna düşürýär, oturyberýär. Paýlaşykda doganlara hiç zat ýetmeýär. Oglanlar muňa geň galýarlar hem-de bolan ýagdaýy kakalaryna aýdýarlar.

 Doganlaryň kakasy bu ýerde bir syryň bardygyny aňýar we ogullaryny alyp, ýaňky gojanyň ýanyna barýar. Ýaşuly ogullaryna garaşmagy sargap, bolan wakanyň änigine-şänigine ýetýär. Ogullaryny içeri çagyryp, eti üleşdiren gojany diňlemeklerini tabşyrýar. Goja:
— Oglanlar, men goýnuň etini üleşdirenimde bilgeşleýinden şeýtdim. Maňa siziň zadyňyz gerek däl. Ýöne agzala bolsaňyz eden işiňiz, bitiren goşuňyz bolmaz. Her gabat gelen sizden üstün çykar. Aýdypdyrlar-a ata-babalarymyz: «Ikiniň agzy bir bolsa, alysdakyny indirer, altynyň agzy ala bolsa, agzyndakyny aldyrar» diýip, agzybir bolsaňyz, rysgal-berekediňiz bol bolar — diýip, doganlara syrly seredipdir. Iki dogan öz eden telek işlerine düşünipdirler, goja minnetdar bolup, öňküleri ýaly agzybirlikde ýaşap başlapdyrlar.

Hydyrguly GURBANOW,
Türkmengala etrabyndaky 20-nji orta mekdebiň
türkmen dili we edebiýat mugallymy.

"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti, 16.03.2023

Tmpedagog