20.03.2023 Döredijilik72 .

Erikler güllände
(Gysgajyk oýlanma)


 Her kim gözelligi bir zatda görýär. Aslynda gözellik sözüniň özi kalplara ýakym çaýýar. Gözler gözellige maýyl. Hut şonuň üçin¬-de her bir işiň, her bir zadyň gözelligi gözlenýär. Bu adaty ýagdaý. Ýöne tebigy gözellik hakynda gürrüň açylsa gül¬-pürçük bolup güllän erikli, almaly meýdan göz öňümde janlanýar. Elbetde, gyzyl ketenini ýada salýan gülälekli meýdanlaryň gözelligini hem wasp edip gutarar ýaly däl.

 Ýöne akja güle bürelen erik agaçlaryny synlanyňda gözüň dokunýar. Olary synlap doýar ýaly däl, şeýlebir owadan welin «gözüň ýagyny» iýip barýan ýaly. Olar göwnüme bolmasa nesil dowamatyny ýada salýan ýaly. Sebäbi akja güllerden soňra datly miweler emele gelýär. Bu gülleriň meýdan güllerinden tapawutlylygy-da, ynsan kalbyna mähir çaýmagy-da belki, şondan bolsa gerek. Şonuň üçin-de, her ýyl erikler güllände doýman synlaýaryn, göýä olar maňa durmuşyň süýji günlerini wada berýän ýaly.

Leýla HOJANYÝAZOWA,
Aşgabat şäherindäki 19-njy orta mekdebiň mugallymy.

"Türkmeniň ýüpek ýoly" gazet, 18.03.2023

Tmpedagog