17.03.2023 Döredijilik70 .

Tutawaçsyz gapy


 On dokuzynjy asyrda ýaşap geçen beýik iňlis suratkeşi Wilýam Holman Huntuň zamanynda ussat suratkeşiň sungat eserleriniň sergisi gurnalypdyr. Suratkeşiň ajaýyp işleri Angliýanyň şa köşgünde sergä çykarylýar.

 Ussadyň «Tebigatyň yşygy” atly eseri görenleriň ünsüni özüne çekipdir. Suratda garaňky gijede owadan bag-bakjaly howluda bir adam gapyny kakyp, açylaryna garaşyp dur eken.

 Sergidäki suratlary içgin synlap ýören başga bir suratkeş Hunda bakyp: “Ajaýyp surat, ýöne ol adamyň kakyp duran gapysy açylmaly dälmi, gapyda tutawaç ýok welin, ýogsa, ony unutduňyzmy?!” diýýär.

 Hunt bu soraga şeýle jogap beripdir: “Suratdaky adam adaty bir gapyny kakanok, ol ýerdäki gapy ynsan kalbynyň gapysy, ol bolsa diňe içinden açylýar”.

Taýýarlan Bibihatyja POPYÝEWA,
Murgap etrabyndaky 11-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti, 16.03.2023

Tmpedagog