11.03.2023 Döredijilik99 .

Kä gülleriň ysy bolýar üýtgeşik...


YNAM

Kä gülleriň ysy bolýar üýtgeşik,
Kä günleriň yzy bolýar başgaça...
Meniň üçin aýan zatlaň barysy,
Seniň üçin tapmaçady, tapmaça.

Janygyp aýdardyň jepalar berýän
Aýralyklaň duşuşyga eltýänin.
Ynanardyň özüniňem ýitjegne
Ýitgilerniň yzlaryndan selpäniň.

Mydam ýoldaş boldy ynanjaňlygyň,
Ynanýan zadyňa şübhelenmezdiň.
Käte aýdanlarňy oňlamasam-da,
Seniň öz ýanyňda sözlemän gezdim...

Belki-de, şol ýerde galandyrys biz,
Ýyllaň edenleriniň bersek-de häsin.
Bilýän, şonuň üçin häli-häzirem
Seniňki däldigme ynanýan dälsiň...

***

«Ah, ene elleri, ene elleri
Balasyn gözleýär gijäniň ýary...».
(Aýdymdan)

Ünjüleriň dolup daşdy çydardan,
Ömrüň ýarsyn geçirdiň sen bagyşlap.
Sen şonda-da, bizi görseň ýylgyrýaň,
Sen bizi diňleýäň bar işiň taşlap.

Dag-düzlerde ýok bolsa-da göwnümiz,
Seniň göwnüň düze çykdy biz,bilen.
Gözlerňe ýaş aýlap, el bulanyňa
Biz düşünjek bolýas indi-indiler.

Öz halyň sormaga ýetenok wagtyň,
(Belki-de, öz halyň duýulýan däldir).
Özüň üçin ýaşan günleriňdenem
Biziň üçin ýaşan günleriň kändir.

Diňe ýowuz günler küýsäp hüwdiňi,
Hiňlenýäs aýd ma gözümiz ýaşlap...
Sen şonda-da, bizi görseň ýylgyrýaň,
Ömrüň bolsa geçip barýar bagyşlap.

MINNETDARLYK

Bu gün saňa minnetdarlyk bildirdim,
Geň galyp seretdiň,
Ýylgyrdym menem...
Sen bihabar bu zatlardan,
Haçan-da,
Gözlerim gözlerňi gözläp tapanda.
Alyp gider bizden ybarat dünýä,
Ýüregim özümi gözläp tapar-da.

Bu duýgyny düşündirmek şeýle kyn.
(Asyl ony düşündirmek gerek mi?!)
Maňa weli, özüm däki söweşe
Başlamanka böwet bolmak gerekdi.

Başardyň sen!
Men köşeşip başardym,
Dar köňlüme giň dünýämi sygdyryp.
Sözleşmeklik etmese-de mýesser,
Köp zatlardan halas etdiň ýyl gyryp.

Bildim, gözleň bilen jana getiren
Umytlarmyň ýaşamaga zardygyn...
Aýtmakçydym şu zatlary özüňe,
Tä bilýänçäm ýürekdeşiň bardygyn.

Barlygyň sebäpli dünýede seniň,
Bardygyň sebäpli dünýämde meniň,
Bu gün saňa minnetdarlyk bildirdim,
Geň galyp seretdiň, ýylgyrdym menem...

EPIZOD

Diýýäň maňa: «Bagtly borsuň!»,
Diýýäň maňa: «Batma gama!»,
Düşünemok gözleriňe,
Ynanamok öz-özüme,
Ömrüme ýat, del duýgular
Tümlüge gapgardy meni,
Eşidýärin, aňşyramok
Garşymdaky senmi beri?!
Şu pursat kim ýeter dada,
Juda çetin düşünmeklik,
Düşünmezlik, hemme zada...
Ynanmaga söý gözleýän,
Sözlemäge söz gözleýän.
A sen bolsa...
Sen bolsa diýýäň:
«Bagtly borsuň!».

BIRJE PARHYŇ

Saýlanaňok özgelerden,
Ýok illerden tapawudyň.
Birje parhyň —
Öz-özüňi meň ýadyma düşürmäň.
Söýüp ýörün özgelerden
Üp-üýtgeşik hasaplap
hem-de seniň
şeýledigiň sebäbine düşünmän.

Belki, meniň mätäç zadym sende bar,
Belki-de, gözlegmiň ýodasy bardyr,
Umman deý gözleňde hiç barylmadyk,
Genji-hazynanyň adasy bardyr?!

Gör-ä, meni örtän sowallar bilen,
Günler geçýär, aýaklaryn süýreşip.
Belki, sen aýdarsyň,
Hemmä meňzeş gyz,
Nämüçin sen hemmelerden üýtgeşik?!

Gurbanmyrat MEREDOW,
Tejen etrabyndaky 20-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Arkadagly ýaşlar" žurnaly, №2-2023

Tmpedagog