07.02.2025 Döredijilik265 .

Kalbyma bahar gelipdir (Şahyrana oýlanma)


Haýsy pasyldygyna garamazdan, agşamara ýekeligiň we ümsümligiň rahat gujagynyň gyzgyn mährine maýyl bolup, obadan ençeme aralygy pyýada sökýärin. Barybam, obamyzyň gowaçadyr bugdaý ekilýän pelleriniň başlanan ýerinde, kakamyň hem: «Men özümi bilelim bäri bar» diýýän goja tuduň ýanynda aýak çekýärin. Bu tut juda irkidigine garamazdan, juwan keşpli. Guran şahalaryna gözüň düşmez. Şemallaryň pasyllaýyn aýdymlaryny diňläp, ösüp otyr. Özi-de, gyşyn-ýazyn guşlaryň meýlishanasy.

Bu gezek merdemsi tuduň ýanyna meni duýgularym alyp geldi. Töwerekde gyşyň sowugy şuwlaýar, çagalyk döwrümiň ertekilerindäki haýbatly şemal uwlaýar. Emma kalbymda birgeňsi ýylylyk bar. Maksim Gorkiniň «Ýaz mukamy» ýadyma düşýär. Gorkiý hekaýalarynyň birinde: «Adamlaryň kalbynda gyş barka, ýazyň geleninden ne peýda?» diýip ýazypdyr. Häzir weli, tersine, gyş gutaranok, emma, kalbymda bahar. Ýazyň demi, ýakymy duýulýar. Ýagyşlaryň ysy gelýär. Ak derekleriň duşundan geçip barýarkam, olar maňa Russiýanyň berýozalary bolup görünýär. Şol berýozalaryň şahalarynyň şabyrdysy şahyr Sergeý Ýesenin bolup dillenýär: «Meniň kalbymda bahar!»

Serimde köwsarlaýan duýgularymyň, çagalyk ýatlamalarymyň arasynda ýuwaş-ýuwaşdan ýetginjeklik döwrümiň wakalary ýylp edip gidýär. Çagalykdan saýlanandan soňky okan zatlarym ýadyma düşüp başlaýar. Döwürdeş galamgärlerimiz Myrat Hudaýgulyýewiň oýlanmalarynyň birindäki: «Çaga dünýäsiniň bilesigelijiliginden gözbaş alyp gaýdýan sansyz nämüçinler...» diýen jümleleri biygtyýar hakydama dolýar. Bigam çagalykda toplanyp-toplanyp, hakydaňa uçut gaýalaryň gatlak-gatlak «pagsalary» kimin çöküp, seriňde baharda ösýän şemallar kimin köwsarlaýan sowallar jogapsyzlygy bilen şirin ýatlamalara öwrülip ýatyr. Indi-indiler şol sowallaryň jogaplaryny bilmekden gaça durýaryn, bilsem özgererin, meniň bolsa duýgularymy şol terligine saklasym gelýär. Ak süýt deýin çogýan duýgularym söz gaýasynyň ýüzüni ýuwup, şygyr gatlasyny açýar. Pelsepeleriň uç-gyraksyz we düýpsüz ummanyna özümi oklaýaryn.

Tuduň aşagy — meniň köp gijeler düşläp, Aýdyr ýyldyzlar bilen gepleşip, iç döküşip, syr alyşýan mesgenim. Ýerini halap biten tuduň gasyn-gasyn biline arkamy berip, Gündogara nazarymy dikýärin. Aýyň dogup gelşini telim gezekler synlasam-da, bu görnüşiň ýakymly täsirinden eger-eger ganma ýok. Ýene synlaýaryn. Bu tarapy — Gündogary gijelerine özümçe atlandyrýaryn: «Aýdogar!»

Her gezek bu ýere gelenimde, Gündogarda üýşüp ugran bölek-bölek bulutlardan jyklap dogan Aý ýerden simagaç boýy saýlanýardy. Häzir dik depämde ýylgyrjaklaýar. Daşynda bolsa ullakan gyzyl ýüzük ýaly halka. «Aý agyllapdyr». Aý agyllasa — şemal, şemal soňy — ýagyş. Ýazyň demi gelýär. Göwrämi birsalym tuduň goýnunda goýup, ruhum bilen Aýa bakan uçýaryn. Gije! Aýly gije! Ýekelik! Ümsümlik! Sowuk şemal! Gyzgyn duýgy! Bularyň bary jemlenäge-de göwnüňi galkyndyryp, ony uç-gyraksyz giňişliklerde pelpelledýär. Ýazyň gelýän tarapyny göresim gelýär! Halyl Kulyýew kibi: «Bahar gelýär, bahar gelýär, adamlar!» diýip, çasly sesim bilen buşlasym, oý-pikirlerimi aýdyňlaşdyryp, bir zatlar döredesim gelýär... Çola meýdanda, ýekelikde, gijelikde içimi gowzadyp, öýe bakan ýola düşýärin:

Sanlyja günlerden ezber tebigat
Sähralara keşbin çeker halynyň.
Diň salyň şemallaň şuwwuldysyna,
Sesi gelýär, sesi gelýär Halylyň!..

Akmyrat JUMAÝEW,
Dänew etrabyndaky 24-nji orta mekdebiň geografiýa mugallymy.

"Türkmen gündogary" welaýat gazeti, 06.02.2025

Tmpedagog