Her bir zatda haýyr bar
Gazaply gyş günleridi. Kiçijik bir obadan balykçy gämisi deňze çykdy. Çykan badyna-da harasat zerarly deňizde güýçli tolkun emele geldi we garaňky düşdi. Balykçylaryň hiç birem yzyna dolanyp gelmedi. Gijesi bilen eneler, ýaş çagalar ýitenleriň tapylmagy üçin dileg edýärdiler.
Bir külbede bolsa ýangyn döredi. Erkek adamlaryň ýoklugy sebäpli, külbe ýanyp, kül boldy. Ertir irden bolsa balykçylaryň gämisi sag-aman kenara çykdy. Hemmeler begenýärdiler. Emma bir aýal umytsyz garaýyşlary bilen ýola gözüni dikip otyrdy. Ol ýangynda öýi ýanyp kül bolan adamyň aýaly bolup, adamsy kenara gelensoň, şeýle diýdi:
— Indi näme ederis!? Öýümizdäki hemme zat ýanyp küle öwrüldi.
Ol kişi aýalyna şeýle diýdi:
— Şol ýangyn üçin şükür edýärin! Ýanan külbämiziň ýagtylygy bilen gämi ýoluny tapdy we biz kenara sag-aman çykdyk.
Taýýarlan Uzukjemal HOMMADOWA,
Wekilbazar etrabyndaky 35-nji orta mekdebiň mugallymy.
"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti, 02.01.2025