24.12.2024 Döredijilik85 .

Çelpek syrdym — öýlendim (Hekaýa)


— Çelpek iýip görmedigiňizem bardyr, belki, içiňizde?

— Aý, ýok, iýip görmedik diýseg-ä, ýalançy bolarys. Ýöne bişirilişini men-ä görmedim.

— Öz-ä gaty datly nygmat. Iýdigiňçe iýesiň gelýär. Onsoňam, çelpek diýilse toý ýadyňa düşüberýär.

Ýolbelediň petekleri sorap, küpäniň gapysyndan garamagy bilen içerde oturanlaryň gürrüňi şol bada ýatdy. Aradan bir çäýnek çaý içer salym wagt geçdi, hiç kimiň gürrüň bilen seri bolmady. Elli ýaşlar töweregindäki zenandyr erkegiň ümmüldeşip oturyşlaryndan olaryň är-aýaldygyny çaklap oturan iki sany ýaş ýigit özleri habar gatýançalar, seslerini çykarman, ellerindäki telefonlaryna güýmendiler.

— Hany, bir çaýlaşmarysmy, ýigitler? — diýip, orta ýaşlaryndaky bugdaýreňk pyýada hem ýigitleriň, hem gapdalyndaky zenanyň ýüzüne seretdi.

— Onuň gürrüňi bolmaz, agam! Bu gün men çaýçylygy boýnuma alýan — diýip, açyk ýüzli görmegeý ýigit dessine ýerinden galdy.

— Siz gyzykly gürrüňler bilen içimizi gysdyrmasaňyz bolýar. Menem desterhan taýýarlamaga ökde — diýip, beýleki ýigidem alan terbiýesine eýerdi.

— Geliň, onda tanşaýalyň! Gele-gelmäne toýdan başladyk gürrüňlerimizi, dowamam nesip bolsa, toýdan bolar. Enşalla, ýolumyzam, işimizem rowaç bolar. Meniň adym Gadam, bu zenanam meň çagalarymyň ejesi, adyny «Gülnäz gelneje» diýip tutuberseňizem bolar. Biz Aşyk Aýdyň piriň mesgen tutan iline deňziň çarlak guşlarynyň salamyny alyp barýarys. Özümizem toýa. Ýanymyzda çelpegem bar, gatlama-da. Balkan ilinden bolarys.

— Balkanlylar daşoguzlylara myhman boljak-da onda — diýip, wäşi ýigitleriň biri ýylgyrdy.

Gadam aga-da gep alyp galmady:

— Dogry aýdýaň. Men-ä balkanly, bu-da daşoguzly Hudaý halap başymyz birigenlerdendiris.

— Gadam aga, biziň-ä ikimizem paýtagtly. Daşoguzyň toýlarynda bişýän han tüwüsiniň süýji palawyny iýip göräýeli diýip, bile okaýan topardaş dostumyzyňka toýa barýas. Men Seýran, bu dostumam Pälwan.

— Berekella! Edep-terbiýe göreniňiz, bilimlidigiňiz gep-sözüňizdenem bildirip dur — diýip, Gülnäz gelneje-de gürrüňe goşuldy.

Eli-aýagy çakgan ýigitler dessine stoljugam häzirlediler, çaýam demläp geldiler. Onýança Gülnäz gelneje-de torbasyndan dürli-dümen iýmitleri çykaryp, desterhany doldurdy.

Ýolda ýoldaş bolanyň gürrüňçil bolsa, barjak menziliňem ýakyn bolýar. Bular üçinem şeýle boldy. «Daşoguza toýa barýas» diýen sözi eşidenden, ýigitleriň biriniň çelpegi ýatlamagy bilen çelpekli gürrüň başlandy. Seýran häliden bäri içini byjykladýan sowaly orta oklamagyň wagty geldi hasaplady-da:

— Gadam aga, gelnejem daşoguzly, siz balkanly bolsaňyz, söýgi dessanyňyzam gyzykly bolan bolsa gerek?! — diýdi. Gadam aga ýylgyryp, aýalynyň ýüzüne seretdi:

— Enesi, görýän weli, çelpekli gürrüň şu gün ýöne ýere gozgalmadyk oguşýa?!

Gülnäz gelneje mylaýym ýylgyrdy-da, ýigitlere ortadaky naz-nygmatlardan hödür etdi:

— Seýran jan, Pälwan jan, hany meniň sag elimiň sary ýagyny syrykdyryp bişiren çelpegimden bir iýiň bakaly?! Gatlak-gatlak gatlamadan garbanyň. Gadam agaňyz gürrüňçildir, gapdalynyň degişmesi bilen gürrüňini ýetirer.

Pälwanam gürrüňi gyzyklandyrmakçy boldy:

— Gadam agamyň süýji sözlerine maýyl bolmazça däldir-le, gelneje!

— Gadam agaňda süýji sözem kändir, degişme-de. Ýöne degişmä düşünmän eden bir işim maňa bagt getirdi diýsem ynanarmysyňyz?

— Ýeri, ýeri Gadam aga, beýle tötänlik bagt getirýän bolsa, her kime-de nesip etsin! Belki, bize-de gürrüň berersiňiz, hä?!

Ýigitleriň söýgi kyssasyny eşidesi gelýäni çynlakaý bolarly, ellerindäki çelpeklerini hem iýmesini goýup Gadam aganyň agzyna bakdylar.

— Biler bolsaňyz, ýigitler, çelpek diýilýän nygmat, bir-ä, Daşoguzda, birem Ahalda ýörgünli. Türkmen toýlarynyň iň naýbaşy nygmaty. Toýdan üç-dört gün öňünden gudalara äkitmek üçin bişirilýär. Menem bulary soň, ine, şu Gülnäz gelnejeňizden eşitdim. Dogrusy, ozal Gülnäze duşýançam, çelpek diýlen zady iýibem görmändim. On sekiz ýaşly ýigit mahalym, kakamyň bir dostunyň toýuna ýörite Daşoguza gitdik. Daşoguzlylar juda myhmansöýer, nirede oturyp-turuzjaklaryny bilenoklar. Kakamyň dosty Myrat aganyň uly ogly öýlenýärdi. Biz üç-dört gün öňünden myhman bolup barypdyk. Baran günümiz bolsa, edil şu günki ýaly ýadymda, toý tutulýan öýde aýal-gyzlar üýşüp, çelpek bişirýän ekenler. Myrat aga körpe ogluny ýanyna çagyrdy-da:

— Bar, Gadamy öýümiz bilen tanyşdyr, baglary görkez, Akbilege öwrenişdir. Belki, güjükleriňden birini sowgat edersiň? — diýdi. Meniň bilen deň-duş Döwlet ilgeziklik bilen baş atdy. Kakamam maňa seredip güldi:

— Gadam jan, oglum, çelpegem syryp gaçgynyň. Bizem belki, bu ýerlerden gelin edinäýedik.

— Kakaň dogry aýdýar, oglum! Gazanyň başyna göni baraga-da, çelpek alyp gaçaýmalydyr — diýip, Myrat aga-da güldi. Çelpegi birinji gezek ýaňyja dadyp gören halyma ony juda gowy görüpdim. Hakykatdanam şeýle etmelidir diýen pikiri kelläme berk ornaşdyryp, Döwletiň yzyna düşdüm. Olaryň bag-bakjasyny görüp, dogrusy, höwes etdim. Belent jaýyň kölege düşýän tarapynda oturdylan gazanyň ýanyna baranymyzda, ol ýerde bili uly guşak bilen guşalan bir daýza bilen uzyn boýly görmegeý gyzdan başga hiç kim ýokdy.

— Ýör, çelpek bişirlişini hem görkezeýin! — diýen Döwletiň yzyna düşüp barşyma, kakamyň sözleri kellämde aýlandy. Barşyma bişen çelpekleri bir-birden epleýän gyzyň elindäki çelpegi kakyp aldym. Beýle zada garaşmadyk daýza-da, gyzam aňk-taňk bolup, meniň ýüzüme seredişdiler. Olaryň ýanyndan daşlaşmakçy bolanymda, gülüp içi gyrlara gelen Döwlete seredip aýak çekdim. Daýza maňa «Bäri gel!» diýip elini salgady. Men o mahal häzirkimdenem beter alçakdym. Utanmalydyram öýtmän yzyma aýlandym. Beren salamymy alan ýaňky zenan:

— Bu ýigit myhman öýdýän, Döwlet jan? — diýip, onuň ýüzüne garady. Gülküden ýaňa ýarylara gelen Döwlet:

— Hawa, Sona daýza — diýdi. Onýança gapdalda duran gyzyň öňündäki ýalpak tabaga bişen çelpekleri atan Sona daýza:

— Gülnäz jan, çelpekleri ýapyşdyraýmaweri! — diýdi. Şol mahal onuň balkyldaýan gözlerine gözüm düşdi. Endamymdamy, ýüregimdemi, peýda bolan galpyldyny özümden özge hiç kim aňmady. Elimdäki çelpegi nätjegimi bilmän sary-sadylla bolup durşuma dözmedik Sona daýza:

— Ine, hakyky türkmeniň sada ýigidi! Ençeme eýýamlardan bäri çelpek syrany gören däldirin. Şu gün gördüm. Adyň näme? — diýip, maňa ýüzlendi. Onuň meni öwmesine «Nädogry iş edäýdimmikäm?» diýip duramsoň ekezlendim-de:

— Adym Gadam — diýip jogap berdim.

— Onda, Gadam jan, indiki gezek seňki-dä.

— O nämäniň gezegi?

— Öýlenme gezegi-dä, Gadam jan! Çelpek syryp gaçdyň, ahbetin!

Ýaňy gülküsini goýan Döwlet täzeden gülmäge başlady. Ýigide gelişmeýän utanjaňlygy halamaýanym üçinmi, ýa gep alyp galasym gelmedimi, agzyma gelen sözi diýip goýberdim:

— Şu gyzyňyzy berseňiz, öýlenmän näme?!

Soňky bolan gürrüňler ähmiýetli däldi, ýöne gyzyň ýüzüme alarlyp, bir «Hih» diýip, içini çekenini bilýän.

Ine, ýigitler, Daşoguz iline baryp, özümçe çelpek syryp, Gülnäz gelnejeňiziň söýgüsine-de eýe bolup gaýdypdym şonda. Dogry, Gülnäz gelnejeňiz meniň gönümel eden işim üçin meni ençe wagtlap yzynda sergezdan etdi. Ýöne menem tutan guşumy goýbermeýänlerden, ahyry köňlüne ýol tapdymam, öýlendimem.

Pälwan örän geň galanyny gizlejegem bolmady:

— Gülnäz gelnejem anyk siziň batyrgaýlygyňyzy gowy görendir, Gadam aga! Dogry-da, walla, tanamaýan gyzyňy sorap bolaýmaz-a!

Seýranam onuň gürrüňini makullady:

— Şony diý, Pälwan, belki, o Sona daýza diýýäniňiz ejesi bolsa nätjek?

Gülnäz gelneje ýylgyryp oturyşyna:

— Ýok, Sona daýza-da, menem Myrat agalaryň goňşusy. Men şol gezek Sona daýzadan çelpek bişirmegi öwrenmek üçin yhlas edip ýanyndan aýrylman durdum. Ýazgydymdyr-da Gadam agaňyza duşmak.

Gadam aga oňa mähir bilen seretdi:

— Balkan ilinde-de çelpekçi adyny alandyr gelnejeňiz. Daşoguzy küýsedenok o ýerde-de.

— Onda bizem çelpek syrsak bolýa-da, Seýran dost! Belki, biziň bagtymyzam Daşoguzdadyr.

— Gadam agamyz ýaly atyň ýüregi kimin ýürekli bolsaň-a bolar, Pälwan! — diýip, Seýranam onuň sowalyna degişme bilen jogap gaýtardy.

Otludaky ýolagçylar ýatmak üçin ýerlerine geçenlerinde, sagadyň dili on ikini görkezýärdi. Ýöne olaryň hiç biriniň hem gözlerine uky gelmeýärdi. Gadam agadyr Gülnäz gelneje ýaşlyk ýatlamalaryna gark bolan bolsalar, ýigitlerem gyzykly gürrüňleriň täsirinden çykyp bilenokdylar. Otly bolsa içindäki ýolagçylaryny sallançagyna salyp üwreýän mysaly, öz menziline sary asudalyk bilen ýol külterläp barýardy.

Bahar ANNAŞOWA,
Görogly etrabyndaky 29-njy orta mekdebiň mugallymy.

"Daşoguz habarlary" welaýat gazeti, 19.12.2024

Tmpedagog