03.02.2023 Döredijilik86 .

Tymsallar


Akyldaryň jogaby

 Bir sapar emeldar dana kişi bilen söhbet edipdir.SP
― Ada ma nä me ýag ty saç ýar?
― Gün!
― Haçan-da Gün ýaşanda, adama ýagtylyk bolup näme hyzmat edýär?
― Aý oňa ýagtylyk saçýar.
― Haçan-da Gündür Aý batanda näme?
― Şonda oňa ot ýagtylyk berýär.
― Eger-de Gün, Aý batyp, ot sönende, oňa näme ýagtylyk bererkä?
― Şonda adama söz ýagtylyk bolup hyzmat edýär. Hakykatdan-da, adam tüm garaňkylyk bolup, gözleri hiç zat görmese-de, sesiň eşidilýän ýerine barýar.

Hereketde bolmaly

Bir gezek pähimdaryň ýanyna şäheriň tanymal baý adamy gelip, şeýle diýipdir:
― Men näme etjegimi bilemok. Meniň her günüm birmeňzeş, men Günüň dogmagyny onuň ýaşmagy bilen tapawutlandyryp bilemok. Mende hemmezat bar, ýöne şonda-da men näme üçin bagtsyzkam? Şol wagt pähimdar kölüň kenarynda oturşyna onda ýüzüp ýören balyklary synlaýardy.
― Seniň islegiň näme? Seniň nähili arzuwyň bar? ― diýip, akyldar oňa sowal berdi.
― Başda men gulçulykdan halas bolmagy arzuw edipdim. Ol arzuwym hasyl boldy. Soňra söwdamyň ilerläp, köp girdeji gazanmagy arzuw etdim, oňa-da ýetdim. Men indi tüçjar baý. Mende başga arzuw-isleg galmady.
― Arzuw etmeýän adam edil şu köldäki balyklar kysmydyr ― diýip, dana sözläp başlady. ― Bularyň her güni biri-birine meňzeş. Olar hem daňyň atyşy bilen iňrigiň garalyşyny tapawutlandyryp bilmeýärler. Seniň olardan tapawudyň özüňi öz islegiň bilen howdana gabanlygyňdadyr. Eger seniň durmuşyňda täze arzuw peýda bolmasa, öýüňde gam-gussadan ejir çekersiň, ömrüň paýawlanda bolsa ony bimany geçirendigiňe akyl ýetirersiň.
― Diýmek, her sapar maksadyma ýetenimde, men indikini gözlemelidä? Haçan-da bir süýji arzuwym hasyl bolanda, dessine indikisi hakynda pikir etmelimi?
― Hawa, adam diňe hereketde bolan mahalynda öz bagtyna eýe bolýar ― diýip, pähimdar jogap beripdir.


Toplan: Kümüş ATAÝEWA,
Saýat etrabyndaky 33-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Türkmen gündogary" welaýat gazeti, 02.02.2023

Tmpedagog