27.10.2024 Döredijilik44 .
Alabaý
Il-gününden arkaly,
Türkmen iti alabaý.
Asyrlarda sarpaly,
Türkmen iti alabaý.
Eýesiniň mal-mülkün,
Gorap gelen itdir ol.
Kyn pursatda mertligi,
Arap gelen itdir ol.
Bu gün onuň abraýy,
Has-da galýar belende.
Onuň waspy şahyrlaň,
Bagşylaryň dilinde.
Pederleň paýhasyndan,
Dörän alabaý itim.
Bu gün ýazdym sen hakda,
Kelam alabaý itim.
Zyýada ÝUSUBOWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň
taryh fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.