24.10.2024 Döredijilik30 .

Tymsallar


Söýgi we garpyz hakda

Bir gezek gözi ýaşly gyz ejesiniň öýüne gelipdir.

— Ýeri, näme boldy? Näme üçin şumjarýarsyň? — diýip, ejesi oňa saçagyň başyna geçip oturmagy teklip edipdir. Şonda gyzy gözýaşyny süpürip:

— Düşünýärmiň eje, men söýgä ynanmagymy bes etdim. Men, göräýmäge, ony söýýänem. Ýöne kähalatda ol özüni gelşiksiz alyp barýar. Dawalaşýan halatlarymyz hem bolýar — diýip, gürrüň beripdir.

— Rahatlansana! — diýip, ejesi ýylgyrypdyr-da, ýap-ýaňy atyzdan ýolup getiren garpyzynyň bir kesimini onuň eline tutdurypdyr. Aladaçyl ene gyzynyň dünýäde iň gowy görýän zadynyň terje garpyzdygyny bilýärdi.

— Gel, ilki ikimiz seniň söýýän garpyzyňy iýeli, soňra bolsa gürleşeli! — diýip, ejesi teklip edipdir. Ol garpyzy böleklere bölmegini dowam etdiripdir. Haçan-da garpyzy doly iýip bolanlaryndan soňra biraz rahatlanan gyzyna:

— Sen henizem garpyzy halaýarsyň. Şeýle dälmi?

— Hawa, eje! — diýip, gyzy garpyzyň galyndylaryny gapdala goýupdyr.

— Sen datly garpyzyň etinden lezzet alýan wagtyňda onuň paçagyny-da, çigitlerini-de bir gapdala goýýarsyň ahyryn.

Ejesiniň bu sözleriniň manysyna akyl ýetiren gyzy nazaryny bir nokada dikipdir.

— Gyzym, durmuşda hem edil şunuň ýalydyr. Sen artykmaç zatlaryň ählisini kelläňden çykaryp taşlamagy öwren. Bal ýaly garpyz etini ajy çigitden saýlamak bilen bir wagtyň özünde şol duýgudan lezzet almagy-da başar. Şonda hemme zat ýerbe-ýer bolar — diýip, ejesi bu meselä nokat goýupdyr.

Manysy: söýgi hem biziň durmuşymyz ýaly aňrybaş derejede kämil bolmaýar. Bagtly bolmak üçin bilelikdäki ýaşaýşyň käbir ownuk zatlaryna göz ýummagy öwrenmeli.


Maşgalanyň agzasy hökmünde

Bir adam myhmansöýer dostunyňkyda üç günläp bolupdyr. Ol öýüne gaýtmakçy bolanda, öý eýesi has gowy hyzmat edip bilmändigi üçin ondan ötünç sorapdyr.

— Beýle diýme, hemme zat gül ýaly — diýip, myhman özüniň hoşallygyny beýan edipdir. Soňra sözüniň üstüni şeýle ýetiripdir. — Haçan-da meniňkä gelseň, seni has ýokary derejede kabul ederin.

Şondan köp wagt geçmänkä dostunyň ýoly onuň öýüniň üstünden düşüpdir. Şonda özüniň gelmegi mynasybetli aýratyn bir taýýarlyk görülmändigine geň galypdyr. Öý eýesi onuň oňaýsyz ýagdaýa düşendigini duýup:

— Hawa, men seni has gowy derejede kabul etjekdigimi aýdypdym. Ýöne sen arada meni keseki adamlaryň biri hökmünde taýýarlykly garşylapdyň. Men bolsa seni maşgalamyň bir agzasy hökmünde garşylaýaryn — diýipdir.

Oguljahan HALLYÝEWA,
Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen
39-njy orta mekdebiň mugallymy.

"Türkmen gündogary" welaýat gazeti, 24.10.2024

Tmpedagog