17.10.2024 Döredijilik46 .

Körpelere okap beriň!


Ýagyşdan soň

Agşam ýagan ýagyşdan,
Mellegimiz dolupdyr.
Görseň göwnüň açylýar,
Göýä derýa bolupdyr.

Eken gawun çigdimiz,
Eýýäm köp gül açypdyr.
Atyr ysyn günuzyn,
Töwerege saçyp dur.

Ýagyşdan bir hepde soň,
Mellegmize aýlandym.
Görsem, hiç hili gül ýok,
Kim aldyka? Oýlandym.

Bildim, ýagyş alypdyr,
Ol gülleriň baryny.
Oň ýerine goýupdyr,
Mellekde köp gawuny.


Telefon

Bir, iki, üç, dört...,
Sany bar eken.
Hersiniň aýry,
Jaýy bar eken.

Bolsa-da olaň,
Jaýlary aýry.
Edýän işleri,
Mydama dogry.

Sanlar birleşip,
Gidýär uzaga.
Habaryň eltýär,
Saňa gerege.

Soňra jogabyn,
Getirer saňa.
Haçan isleseň,
Galmany soňa.

Şeýdip hemmeleň,
Tapýar ol göwnün.
Sanly ulgama,
Dolýarka döwrüm.


Bagtyjemal

Eşik ýuwdy,
Bagtyjemal.
Daşarda bar,
Ýuwaş şemal.

Tanap dakyp,
Gerip çykdy.
Soňra ony,
Serip çykdy.

Galgaşyp dur,
Şemala ol.
Maşk edýän dek,
Hamala ol.

Guratmakçy,
Bolýar ony.
Gaýta barlap,
Görýär ony.

Ýogsam ýokdy,
Asmanda Gün.
Guramasy,
Bolmazmy kyn?!

Tiz gurapdyr,
Bir seretse.
Kir-kimirsiz,
Has arassa.

Bolmasa-da,
Gün asmanda.
Guran eken,
Ol şemala.

Allanazar AÝNAZAROW,
Esenguly etrabyndaky 10-njy orta mekdebiň mugallymy.

"Balkan" welaýat gazeti, 17.10.2024

Tmpedagog