16.10.2024 Döredijilik47 .

Dost dosta gala (durmuş pursaty)


Ýetginjek wagtlarymyz atam bizi daşyna üýşürip, dostlugyň gadyryny bilmegi, olar bilen agzybir bolmagy ündäp: «Dost dosta galadyr» diýerdi. Ol hemişe dostuň az diýip gynanmaly däldigini, zerur wagty bir wepadar dostuň on adamyň ýerini tutup bilýändigini nygtardy. Ata-enelerimiz, dogan-garyndaşlarymyz bize ykbal tarapyndan berilýän serpaý bolsa, dostlary biz durmuş ýollarymyzda özümiz saýlap-seçip alýarys. Kimdir biri bilen dostlaşmak üçin onuň bilen düşünjäň, dünýägaraýşyň, pikirleniş ukybyň deň bolmaly. Belki şonuň üçindir halkymyzda: «Ýigidi dostundan tana» diýen nakyl bar. Hakykatdan hem, göwündeş, ýürekdeş, pikirdeş bolmasaň, kimdir biri bilen dostlaşyp bolmaýar. Diýmek, biz köp babatda dostumyz bilen meňzeş bolýarys. Hut şonuň üçin hem, köpi gören gojalarymyz gadymy döwürlerden bäri nesilleriniň tirkeşýän, dostlaşýan adamsyna üns beripdirler.

Atamyň bir dosty bardy. Ol başga welaýatda ýaşaýandygyna garamazdan, aýda bir gezek hökman bize myhmançylyga gelerdi. Atam eger ol gelmese ynjalykdan gaçyp başlardy. Bir günlük myhman gelen dostuny üç günläp goýbermeýän atamyň şar gara sakgally, çäkmen donly dostunyň ady Konstantindi. Men munuň sebäbine hiç düşünip bilmezdim. Atamdan soramaga-da ýetginjeklik ýygralygym ýol bermeýärdi.

Bir gün atamyň dosty hakyndaky gyzyklanmamy kakama aýtdym. Şonda ol maňa Konstantin hakynda atamdan eşidenlerini şeýle gürrüň berdi:

— Konstantiniň kakasyna Wepa diýer ekenler. Ol urşa gatnaşan weteran eken. Söweş meýdanynda Wepa Konstantin atly rus ýigidi bilen dostlaşypdyr. Olar dört ýyllap birek-birekden aýrylmandyrlar. Bir gün Wepa bir aýagyndan agyr ýaralanypdyr. Ony arkasyna alyp, uzak menziller geçip, aç-horlukdan ýaňa essi aýylyp, arasynda özi hem ýykylyp gaýdýan rus dostuna nebsi agyran Wepa her näçe ýalbarsa-da, dosty ony orta ýolda taşlamandyr. Ony birnäçe günki azapdan soň lukmanlaryň eline gowşuryp bilipdir.

Wagt geçýär, uruş gutarýar. Ýow gününde şirin janyny ölüm howpundan halas eden dostuny kän wagtlap idäp-soran Wepa ahyrsoňy Konstantiniň uruş gutarmazyndan dört-bäş gün öň wepat bolandygyny eşidip gynanýar. Köp ýyllar geçensoň, Wepa dünýä inen ilkinji ogluna şol dostlugynyň hatyrasyna Konstantin diýip at goýýar.

Ine, oglum, ataň Konstantin atly dosty şol uly dostlugyň göze görnüp duran mysalydyr. Ataň dostluga we dostlara goýýan hormatynyň aňyrsynda şol wakanyň täsiri az däldir, oglum — diýip, kakam sözüni jemledi.

Şol pursat men wepadar dostuň janyňdan hem eziz görülýändigine has-da gowy göz ýetirdim.

Atamyrat JUMAMYRADOW,
Gökdepe etrabyndaky 31-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Ahal durmuşy" welaýat gazeti, 16.10.2024

Tmpedagog