16.10.2024 Döredijilik38 .

Pyragy


Şygyr äleminiň parlaýan tugy,
Her bir sözüň derde derman, Pyragy.
Goýduň il-günüňe nusgalyk ýoly,
Wesýetleriň Hakdan perman, Pyragy.

Berkarar döwleti isläpdi göwnüň,
Ruhuňy şat etsin bagtyýar döwrüm.
Asyrlar aşdykça uzaýar ömrüň,
Gudratyňa dünýä haýran, Pyragy.

«Gündogaryň akyldary» diýdiren,
Halallyga, Ýaradana uýduran.
Türkmene däl, bütin dünýä söýdüren,
Halkyna dolanan döwran, Pyragy.

Aýdymlaryň — dertli kalbyň melhemi,
Şygyrlaryň — ýüregimiň ylhamy.
Türkmenimiň owal-ahyr hemdemi,
Diller waspyň edip söýlär, Pyragy.

Arzuwlarňy hasyl etdi Arkadag,
Her ýürekde Arkadagly Serdar bar.
Bu gün türkmen ili saňa guwanýar,
Abraýyň Tug kimin parlar, Pyragy.

Annaberdi ORAZOW,
Tejen etrabyndaky 7-nji orta mekdebiň mugallymy.

"Ahal durmuşy" welaýat gazeti, 16.10.2024

Tmpedagog